«PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy Malaýziýada uniwersitetde okamaklyga çagyrýar

«PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy 2018-2019-njy okuw ýyly üçin «Petronas» Tehnologik uniwersitetinde (Malaýziýa) dürli ugurlar boýunça okamak üçin dalaşgärleri ýygnap başlaýar. Şol hünärleriň içinde: maşyngurluşyk tehnologiýasy, himiki maşyngurluşyk, nebitgaz çykarmaklygyň tehnologiýasy, elektrika we elektronika, geologiýa we geofizika, maglumat kompýuter tehnologiýalary, işewür maglumatlaşdyrma ulgamy bar.

Resminamalar kabul edilende göz öňünde tutuljak aýratynlyklar — 17-23 ýaş aralygy, iňlis diline oňat erk etmek (IELTS boýunça azyndan 5.0 bal ýa-da TOEFL PBT boýunça azyndan 500 bal), matematika, himiýa, fizika we inženerçilik ylmyna degişli başga-da iki sany ders boýunça orta mekdebi üstünlikli tamamlamak. Şeýle hem dalaşgärleriň ynamly liderlik ukyplaryna, okuwdan daşary çärelerde işjeňligine üns berler. Mundan başga-da, okamak üçin dalaş edýär ýaş ýigitler sallah, gyzlar bolsa, durmuşa çykmadyk bolmaly.

Zerur bolan resminamalar «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasynda 2018-nji ýylyň 1-nji fewralyna çenli kabul ediler.

Malaýziýa kompaniýasy — Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biridir. Üstünlikli önümçilik işi bilen birlikde kompaniýa her ýylda ýurdumyzyň ýaş raýatlaryny «Petronas» Tehnologik uniwersitetinde okamaga çagyrýar. Şeýle etmek bilen ol Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin ökde hünärli hünärmenleri taýýarlamaklyga goşant goşýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014