OPEC ýurtlary «Brentiň» bahasynyň 60 dollardan geçmegini islemeýärler — Eýranyň nebit ministri

OPEC agzalary «Brent» söwda belgili nebitiň bahasynyň 60 dollardan geçmegini islemeýärler. Bu barada Eýranyň nebit ministri Bijan Zangane beýan etdi, diýip Iran.ru habar berýär.

Onuň belleýşi ýaly, Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasynyň agzalary «Brent» söwda belgili nebitiň bahasynyň 60 dollardan geçmegini islemeýärler.

«Soňky günlerde nebitiň bahalarynyň birsydyrgyn ýokarlanmagy OPEC we oňa girmeýän döwletlerde önümçiligiň çäklendirilmegi hem-de az mukdarda möwsümiň sowuk bolmagy bilen baglanyşykly. Häzir gyş, bu möwsümde bahalar nebit önümlerine bolan islegiň ýokarlanmagy bilen galýar» diýip onuň aýdan sözleri getirilýär.

11-nji ýanwarda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,16 göterim aşaklap, 69,09 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,14 göterim aşaklap, 63,48 amerikan dollaryna barabar boldy.

ABŞ-nyň Energetika maglumatlary dolandyrmak müdirliginiň çaklamalaryna görä, 2018-nji ýylda «Brentiň» ortaça bahasy 59,74 dollara deň bolar. Bu çaklama dekabr aýynda 57,26 dollara deňdi. «WTI-niň» ortaça bahasy bolsa, 55,33 dollar bolar (öňki çaklamada 52,77 dollardy).

Meňzeş täzelikler

2014