Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň daşary işler ministri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Sri Anifah Amanyň arasynda geçirilen duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy.

Diplomatyň belleýşi ýaly, Malaýziýada möhüm hem-de geljegi uly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berilýär.

Döwlet Baştutany Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň biri bolan Malaýziýa bilen netijeli gatnaşyklary berkitmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy.

Döwlet Baştutany we myhman dürli ugurlardaky netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly kuwwatlyklaryň we giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belläp, iki ýurduň ykdysadyýetleri üçin wajyp hasaplanylýan nebitgaz pudagy boýunça özara gatnaşyklar baradaky meseleleriň üstünde durup geçdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň daşary işler ministri uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan özara peýdaly hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler

Şunuň bilen birlikde, abraýly sebitara we halkara guramalarynyň çäklerinde ýola goýulýan türkmen-malaý gatnaşyklaryna işjeň häsiýetiň mahsusdygy bellenildi. Iki ýurt hem ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, ilkinji nobatda bolsa tutuş dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler boýunça garaýyşlaryň hem-de çemeleşmeleriň umumydygyny beýan edýär.

Türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň iri taslamalarynyň biri hem, «Petronas Charigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki «Blok-1» çäginde uglewodorodlary gözlemek we çykarmak boýunça taýýar önümi paýlaşmak hakynda 1996-njy ýylda gol çekilen ylalaşykdyr. 2016-njy ýylda kompaniýanyň habar bermegine görä, onuň taslama goýan maýalarynyň umumy möçberi bäş milliard amerikan dollaryndan geçýär. 

Meňzeş täzelikler

2014