TOPH taslamasy sebitde energetika howpsuzlygyny berkider — bilermen

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy Günorta we Merkezi Aziýanyň infrastrukturasynyň integrasiýasyna oňaýly täsir eder, çünki ol iberijiniň hem, satyn alyjylaryň hem energetika howpsuzlygyny berkitmäge ýardam eder. Bu barada Glazgo uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Luka Ançeşi Azernews-e habar berdi diýip, Trend belleýär.

«Turbageçirijiniň sebit üçin ähmiýeti Owganystandaky ýagdaýy we onuň ykdysadyýetini durnuklaşdyrmak bilen hem baglydyr» - diýip, bilermen belleýär.

Bilermeniň şeýle hem belleýşi ýaly, TOPH taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi köp babatda Owganystandaky howpsuzlyk meseleleri bilen bagly däl-de, maliýeleşdirmek bilen baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, Ançeşiniň belleýşi ýaly, taslamany ilerletmek üçin Türkmenistana daşary ýurt kompaniýalaryna onşor gaz ýataklaryndan paý bermek arkaly konsorsium açmak maksadalaýyk bolar.

Meňzeş täzelikler

2014