Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň hereket ediş geografiýasyny giňeltmek üçin Afrika, Günorta-Gündogar we Merkezi Aziýa sebitleri hödürleýär — Ýuriý Sentýurin

Yragyň, Gazagystanyň we Azerbaýjanyň Gazy eksport ediji döwletleriň forumynyň doly hukukly agzalary bolmaklyga oňat mümkinçilikleri bar. Bu barada forumyň Baş sekretary Ýuriý Sentýurin belleýär.

Onuň belleýşi ýaly, ol gözegçi bolup durýan şol ýurtlar bilen iş geçirmekligi meýilleşdirýär: «Olarayň gurama gatnaşyk derejesini ýokarlandyrmaga ynanadyrmagy umyt edýärin».

Ýuriý Sentýuriniň düşündirişi ýaly, tebigy gazyň dünýä bazarynda iberijiler blen sarp edijileriň düzümi, şol sanda tebigy gaz bazaryna satyjy hökmünde täze ýurtlaryň ençemesine girmäge mümkinçilik berýän STG-ni ösdürmegiň hasabyna soňky ýyllarda düýpli üýtgedi.

«Meniň pikirimçe, Afrika, şeýle hem Günorta-Gündogar we Merkezi Aziýa sebitleri GEÝF-niň hereket ediş geografiýasyny giňeltmekde uly gyzyklanma döredip biler. Elbetde, bu her bir ýurt bilen düýpli iş alyp barmaklygy talap edýär we häzir anyk alnan dalaşgärleriň sanawy barada gürrüň etmek bolmaz. Ýöne belläp geçsek, Angola, Indoneziýa, Türkmenistan, Özbegistan we Malaýziýa ýaly ýurtlar göz öňüne gelýär. Mümkin bolan agzalary gözlemekde möhüm şert hökmünde olaryň gazy netto-eksport ediji statusy bolmalydyr. Bu status forumyň ýiti meseleleri ylalaşykly çözmek mümkinçiligini saklamaga ýardam eder» diýip onuň aýdanlaryny Trend getirýär.

Forumyň düzümine 12 sany gazy eksport ediji döwletler girýär — Alžir, Boliwiýa, Müsür, Ekwatorial Gwineýa, Eýran, Liwiýa, Katar, Russiýa, Trinidad we Tobago, Wenesuela we BAE, şeýle hem 7 sany synçy-döwlet — Azerbaýjan, Gazagystan, Niderlandlar, Norwegiýa, Yrak, Oman we Peru.

GEÝF 1001-nji çylda Tähranda esaslandyryldy we 2008-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Moskwada ýuridik taýdan döredildi. Şonda agza döwletleriň energetika ministrleri forumyň düzgünnamasyny kabul etdiler we döwletara ylalaşyga gol çekdiler. GEÝF-niň agza döwletleriniň paýyna dünýäde çykarylýan gazyň 42 göterimi we dünýäniň ätiýaçlyklarynyň 70 göterimi düşýär.

Meňzeş täzelikler

2014