Hytaý 2017-nji ýylda gazyň importyny 26,9 göterim artdyrdy

2017-nji ýylyň netijeleri boýunça Hytaý tebigy gazyň importyny ýyllyk aňlatmada 26,9 göterim artdyryp, 68,57 mln tonna ýetirdi. Bu barada HHR-iň Baş gümrük müdirliginiň hasabatynda aýdylýar.

Satyn almalaryň jemi bahasy 23,28 mlrd amerikan dollaryna barabar bolup, öňki ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 41,2 göterim ýokarydyr.

2017-nji ýylyň dekabrynda Hytaý 2,99 mlrd dollarlyk 7,89 mln tonna gazy import etdi.

2016-njy ýylyň jemleri boýunça HHR-de gazyň importy 22 göterim ýokarlanyp, şol wagt 54,3 mln tonna ýetipdi, diýip TASS habar berýär.

Belläp geçsek, HHR Türkmenistanyň tebigy gazyny iň iri satyn alyjy döwletdir.

2017-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda habar berlişi ýaly, Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa iberilen tebigy gazyň umumy möçberi 200 milliard kub metre ýetdi. Häzirki wagtda gaz geçirijiniň umumy geçirijilik kuwwaty ýylda 55 milliard kub metre barabardyr.

Gaz geçiriji 27-den gowrak hytaý prowinsiýalarynyň, şäherleriniň we etraplarynyň, şeýle hem Sýangan administratiw etrabynyň 300 milliondan gowrak ilatyny gaz bilen üpjün edýär.

Hytaýa gaz geçiriji boýunça iri gaz iberijiler: Türkmenistan – 77 göterim, Özbegistan – 12 göterim, Mýanma – 10 göterim.

Garaşylyşy ýaly, Hytaýda gaz sarp edilişiniň möçberi 2020-nji ýylda 240 milliard kub metre çenli artar, şunda 120 milliard kub metri import ediler.

Meňzeş täzelikler

2014