Ýurdumyzyň merkezi HBS-lerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasy neşir edildi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasy ähli halkyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin ýurduň merkezi gazetlerinde neşir edildi. 2-nji fewralda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek baradaky Konstitusion toparyň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek we ony döwrüň talaplaryna laýyk getirmek işine ähli halkymyzyň işjeň gatnaşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Bilşimiz ýaly, hut şol mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny  kämilleşdirmek boýunça konstitusion toparyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taslamasyny makullamak we ähli halkyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin hödürlemek hakyndaky” Karara gol çekipdi.

Türkmenistan Esasy Kanunyny dünýä ölçeglerine we döwrüň talaplaryna laýyk getirmek üçin ýurdumyzda 2014-nji ýylda konstitusion özgertmeler geçirilip başlanypdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasyny  kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere raýatlarymyz, hünärmenler, ylmy işgärler, syýasy partiýalar hem-de jemgyýetçilik guramalary, häkimiýet edaralary we ýaşulular işjeň gatnaşýarlar.

Esasy Kanunymyzyň neşir edilen rejelenen görnüşiniň taslamasynda anyk kadalary özünde jemleýän maddalaryň 143-si bolup, şolaryň 28-si täze maddalardyr. Olaryň 80-si bolsa, täze kadalar goşulan ýa-da üýtgedilen maddalar bolup durýar. Häzirki döwürde esasy wezipe Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işleri netijeli alyp barmakdan ybaratdyr. Her bir raýatyň işjeň gatnaşmagynda Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny ara alyp maslahatlaşyp, ony kabul etmäge düýpli taýýarlyk görmeli diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, taslama çap edilenden soň gelip gowuşjak teklipleri ýene-de bir gezek doly öwrenmeli we Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny işläp taýýarlamaly. Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşiniň gutarnykly işlenip taýýarlanan taslamasyny bolsa, Ýaşulularyň şu ýyl Aşgabatda geçiriljek maslahatynda Mejlisiň deputatlarynyň kabul etmegi üçin hödürlemeli.

Meňzeş täzelikler

2014