Türkmenistanda tankerleriň we nebitgaz maksatly beýleki gämileriň gurluşygy ýola goýlar

Türkmenistanda gurluşygy dowam edýän täze gämi gurýan kärhanada dürli maksatly gämileriň, şol sanda nebit önümlerini we suwuklandyrylan gazy daşamaklyga ýöriteleşdirilen gämileriň gurluşygy ýola goýlar.

Gämi gurýan kärhananyň gurluşygy Hazaryň kenarynda gurulýan Halkara deňiz menzilini gurmak boýunça iri taslamanyň çäklerinde amala aşyrylýar. 16-njy fewralda Balkan welaýatyna iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şol taslamanyň çäklerindäki desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy bilen tanyşdy.

Gämi gurýan kärhananyň milli ykdysadyýetimiz üçin täze edara bolup durýandygyny aýratyn bellemelidiris. Bu desganyň umumy meýdany 166 müň inedördül metre barabar bolar bolup, onuň taslama kuwwaty ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän tehnologik enjamlary we awtomatlaşdyrylan ulgamy peýdalanmak arkaly bir ýylda 10 müň tonna ýüki işläp taýýarlamaga niýetlenendir.

Bu ýokary tehnologiýaly kärhana dürli maksatly gämileriň gurluşygy boýunça işleriň doly toplumyny amala aşyrar. Bu ýerde tankerler, gury ýük göterijiler, tirkegler, özi galýan nebit we gaz   platformalary gurlar. Önümçilik ulgamlarynyň döwrebap üpjünçiligi zawoda her ýylda iri gämileriň 4-den 6-a çenlisini çykarmaga, şeýle hem her ýylda 20-30 gämini abatlamaga mümkinçilik berer.

Zawodyň taslamasy International Assoсiation Сlassifiсation Soсietes (MAKO) halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda taýýarlandy. MAKO deňiz gatnawlarynda howpsuzlygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly işlerde ýokary standartlaryň we düzgünleriň ýola goýulmagyny maksat edinýär. Dünýä söwda flotunyň 90 göteriminden gowragy hut şu halkara bileleşigine agza jemgyýetleriň derejesinde saklanýar.

Täze kärhana Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň kemala gelmegine we onuň döwrebaplaşdyrylmagyna, şeýle hem, nebit önümleriniň, nebithimiýa we gazhimiýa önümleriniň eksport möçberleriniň artdyrylmagyna kuwwatly itergi berer. Önümçiligiň möçberi häzirki wagta Türkmenistanyň içerki we daşarky bazarlarda ýokary islegden peýdalanýan bu önümleri öndürýän täze kärhanalary gurmaklyga ugur alandygyny nazar alyp barha artdyrylar. 

Meňzeş täzelikler

2014