Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menzilindäki polipropilen üçin niýetlenen terminal önümçilik kuwwatyny artdyrar

Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň taslamasynyň çäklerinde öňki ýyllarda gurlup ulanylmaga berlen polipropilen saklamaga we ýüklemäge ýöriteleşdirilen terminalyň hem düýpli durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulandyr. Bu ilkinji nobatda, Türkmenistanda aglaba bölegi eksporta iberilýän polipropileniň önümçiliginiň ýokary depginlerde ösmegi bilen şertlenendir.

Polipropilen üçin niýetlenen terminalyň durkuny täzelemegiň taslamasy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa onuň Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşlygynyň dowamynda hödürlendi.

Durky täzelenen polipropilen üçin niýetlenen terminalyň ýyllyk kuwwaty 120 müň tonna bolup, ol 62 inedördül metr meýdanda ýerleşer. Umumy uzynlygy 750 metr bolan terminal 5 müň tonna bolan üç gämä birbada hyzmat eder.

Polipropileniň Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän nebit önümleriniň iň esasylarynyň biridigini belläp geçmek hökmanydyr. Bu önüm dünýä bazarlarynda ýokary islegden peýdalanýar. Muňa Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda baglaşylýan köpsanly şertnamalar hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanda öndürilen polipropilenden dünýäniň ençeme ýurtlary giňden peýdalanýar. Bu önümi Ýaponiýa, Russiýa, Eýran, Türkiýe, Özbegistan, Azerbeýjan we başga-da golaý hem uzak yklymlardaky ýurtlar satyn alýar. Galyberse-de, eksporta iberilýän polipropileniň aglaba bölegi deňiz ulaglarynyň üsti bilen iberilýär.

2015-nji ýylyň aprelinde Hazaryň kenarýakasynda ýerleşýän Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürjek gazhimiýa toplumynyň gurluşygy başlandy. Toplumyň önümçilik kuwwatlylygy ýylda polietileniň 386 müň tonnasyna we polipropileniň 81 müň tonnasyna barabar bolar. Taslama “TOYO Engineering” (Ýaponiýa) kompaniýasy hem-de “LG International Corporation”  we “Hyundai Engineering Corp. Ltd” (Koreýa Respublikasy) kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde amala aşyrylýar.

Dünýä bazarlarynda ýokary islegden peýdalanan bu önümiň mukdarynyň artdyrylmagy polipropilen üçin niýetlenen terminalyň önümçilik kuwwatynyň ýylda 120 müň tonna önüm öndürmeklige çenli ýöriteleşdirilmegini şertlendirdi. Ýokary hilli polipropileniň eksportunyň artdyrylmagy Döwlet býujetine goşmaça girdejileriň gelmegini üpjün eder.

Meňzeş täzelikler

2014