Ýurdumyzyň iň beýik nokady — Aýrybaba belentliginde Türkmenistanyň baýdagy dikildi

Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň iň beýik nokadynda — Köýtendagyň jöwheri hasaplanýan, beýikligi 3139 metre ýetýän Aýrybaba belentliginde türkmen alpinistleri milli tugumyzy dikdiler. Çuňňur watançylyk ruhuna ýugrulan bu çäräni Türkmenistanyň sport baradaky Döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky Döwlet komitetiniň ýardam bermeginde «Agama» Alpinistik kluby gurnady.

Däbe öwrülen belentlige çykyşlyga Aşgabadyň, Balkanabadyň we Türkmenabadyň alpklublaryna wekillik edýän, ençeme dag belentliklerini boýun egdiren otuzdan gowrak sport türgenleri gatnaşdy.

Belentlige çykylanda öwrenilen tejribe diýseň gymmatlydyr. Çünki bu gezekki belentlige çykyşlyk Pamir, Týan-Şan we Kawkaz dag ulgamlaryna çykmakda baý tejribesi bolan türkmen belentlikleri boýun egdirijileri üçin hem, heniz bu ugurda täze gadam uranlar üçin hem oňat türgenleşik boldy.

Meňzeş täzelikler

2014