Maý aýynda astrahanly gämi gurluşykçylar Türkmenistana «Pälwan» atly täze kran gämisini ugratmagy meýilleşdirýär

Astrahanyň gämigurluşyk önümçilik birleşiginde (AGÖB) Hazaryň türkmen kenary üçin niýetlenilen «Pälwan» atly köp maksatly kran gämisiniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Bu barada ýakynda bu kärhana baryp gören Astrahan welaýatynyň gubernatory Aleksandr Žilkiniň saýtynda habar berilýär. Habarda aýdylyşy ýaly, Günorta Russiýa üçin bu özboluşly taslamany durmuşa geçirmekligiň möhleti boýunça ähli ylalaşyklar doly ýerine ýetirilýär.

Gäminiň buýrujysy bolup «Dragon Oil» (BAE) kompaniýasy çykyş edýär, ol soňra gämini türkmen tarapyna berer.

— Kran gämisiniň tehniki taýdan taýýarlygy bu günki günde 95 göterime deňdir. Bu gämi günorta sebit üçin örän ýerliklidir. Bular ýaly gämi öň gurulmaýardy. Ol köpmaksatly bolany üçin gurnamakda we enjamlaşdyrmakda örän çylşyrymlydyr. Ol esasan nebit platformalarynyň esasy gurluşlaryny montaž etmek üçin hyzmat edýär, ýöne ol şeýle hem ýangyn söndüriji, halas ediji we üpjünçilik gämisiniň wezipesini hem ýerine ýetirip bilýär — diýip, taslamanyň ýolbaşçysy Andreý Hir belleýär.

— 2018-nji ýylyň martynyň ahyrynda gämi Hazaryň türkmen portuna barmaly — diýip «Rosşelf» PJ-niň  baş direktory Alekseý Židakow möhletleri kesgitledi.

Gubernator gämigurluşykçylaryň möhletlere gözegçilk etmegi tabşyrdy. «Iň esasy zat — hyzmatdaşlaryň ynamyny ýitirmezlik» diýip A.Žilkin aýtdy.

Şeýle hem habar berlişi ýaly, 2013-nji ýylda AGÖB-niň hünärmenleri Dragon Oil üçin iri taslamalaryň birini amala aşyrypdylar. Hususan-da, Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Ždanow» käni üçin deňzi stasionar çykaryşplatformasy guruldy. Bu desga eýýäm ençeme wagt bäri nebiti üstünlikli çykarýar. Geljekde AGÖB Türkmenistan üçin niýetlenilen uly maýa goýum taslamalary bolan Dragon Oil-den täze buýurmalara garaşýar.

«AGÖB» AGPJ — kenarýakalary özleşdirmek üçin tehniki serişdeleriň gurluşygynda we söwda gämi gurluşygynda ýöriteleşýän «Hazar Energiýasy» kompaniýalar toparynyň önümçilik diwizionydyr. Birleşik iri asrtahan werfleriniň — «Astrahan korabel», III Intrenasional adyndaky gämigurluşyk zawodynyň we «Lotos» gämigurluşyk zawodynyň binýadynda döredildi.

Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd. kompaniýasy taýýar önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygyň esasynda 17 ýyldan bäri Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Çeleken» deňiz blogynda «Jeýtun» we «Jygalybeg» känlerini özleşdirmek işine gatnaşýar. 2017-nji ýylyň ortasynda kompaniýanyň habar berşi ýaly, şol wagta çenli onuň «Çeleken» taslamasyna goýan maýa goýumlary 6 milliard amerikan dollaryna barabar boldy.

 

Meňzeş täzelikler

2014