Öňdebaryjy tehnologiýalaryň peýdalanylmagy uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň düýpli abatlaýyş müdirliginiň brigadalary ulanyş gurularynyň bökdençsiz işlemegini we nebitiň çykarylyşynyň artdyrylmagyny üpjün edýärler. 2017-nji ýylda zähmetkeşler meýilleşdirilen 475 guýa derek 605 sany guýyny dikeltdiler. Netijede bu guýulary özleşdirmeden soňra 700 müň tonna golaý çig nebit alyndy. Bu görkeziji bellenilen meýilnamadan 300 müň tonna golaý artykdyr, diýlip «Altyn Asyr» elektron gazetinde habar berilýär.

Nebit guýularyna hyzmat etmek işini işjeňleşdirmek we bu işe öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak «Nebitgazçykaryş» trestiniň esasy wezipeleriniň hataryna girýär. Bu trest guýulary düýpli abatlamak boýunça Barsagelmez, Goturdepe we Gamyşlyja kärhanalarynyň binýadynda döredildi. Häzirki wagtda 60-dan gowrak brigadalar Türkmenistanyň günbatar sebitiniň känlerinde guýularyň prizaboý zolaklaryny berkitmek, ulanyş sütünlerinde näsazlyklyklary aradan aýyrmak, suw akymlaryny kesmek boýunça işleri alyp barýarlar.

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň beýleki kärhanalary ýaly, «Nebitgazçykaryş» tresti hem ýokary tehnologik enjamlar bilen üpjün edilýär. Şeýleleikde, abatlaýjylaryň ygtyýarynda — häzirki zaman göteriji desgalar, şol sanda HHR-de öndürilen «XJ-450» 12 sany komplekti bar. Bu enjam 4500 metr çuňlukdaky we häzirki wagtda — 5500 metr çuňlukdaky guýularda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Täze göteriji desga Goturdepe käninde №22 belgili guýyny abatlamakda üstünlikli barlagdan geçirildi. Häzirki wagtda bu tehnika ähli ýerde ulanylýar.

Maýyşgak nasos-kompressor turbalary bolan desgalardan peýdalanylmagy abatlaýyş işleriniň depgini tizleşdirmäge mümkinçilik berýär. Olar esasan guýularyň prizabo zolaklarynda çäge dykynlaryny aradan aýyrmakda, diwarlary parafin galyndylaryndan arassalamakda, guýynyň ulanyş sütüninde sement köprüsini oturtmakda we beýleki işlerde peýdalanylýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014