ÝET-niň 2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň jemleri jemlenildi

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Maksat Babaýewiň ýolbaşçylygynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda 2018-nji ýylyň geçen ýanwar aýynda edilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Nebitgazhyzmat» ÝPJ-niň we pudak ylmy institutynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri ýerine ýetirilen işler hem-de 2018-nji ýyl üçin meýilnamalar boýunça hasabat bilen çykyş etdiler.

Hususan-da, habar berlişi ýaly, nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşy 105 göterim, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,6 göterim ýerine ýetirildi.

Tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, “mawy ýangyjy” eksport etmek, maýa goýumlaryny özleşdirmek barada habar berildi.

Degişli ýolbaşçylar 2018-nji ýylda ulanyşa girizmek meýilleşdirilen Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürmek boýunça hem-de Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy barada hasabat berdiler.

Munda başga-da, hasabat maslahatynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň işiniň netijeleri barada habar berildi. Hususan-da, nebitgaz geologiýasy, burawlamak, gaýtadan işlemek, gazy taýýarlamak we ugratmak, ekologiýa ýaly ugurlar boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri habar berildi.

Şeýle hem «Nebitgazhyzmat» ÝPJ-niň ýolbaşçylary hasabat bilen çykyş etdiler. Hasabatlary diňläp, wise-premýer M.Babaýew hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak we kärhananyň täze iş ugurlaryny döretmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Hasabat duşuşygynyň ahyrynda wise-premýer ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde nebitgaz toplumynyň möhüm ornuny nygtap, Prezidentiň öňde goýan maksatlaryny we tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmekligiň her bir işgär üçin ilkinji nobatdaky wezipedigini nygtady.

 

Meňzeş täzelikler

2014