Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

18-nji fewralda  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew  ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksadynda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç ýataklaryny özleşdirmek boýunça işleriň gerimini giňeltimek, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak bilen birlikde, nebithimiýa toplumyny döwrebaplaşdyrmaga hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, täze döwrebap gazy gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurluşygyna uly üns berilmelidigini nygtady. Bularyň ählisi ýurdumyzda hem-de dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga we olaryň görnüşlerini giňeltmäge ýardam etmelidir. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, pudaga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, iri düzümleýin taslamalara daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

Mejlisde garalan meseleleriň hatarynda bag ekmek möwsümine görülýän taýýarlyk, Garabogaz şäherinde karbamid zawodynyň gurluşygynyň alnyp barlyşy, Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, aprel aýynda talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň, dürli pudaklaryň işgärleriniň gatnaşmagynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş--medeni çäreleri  geçirmek, ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagyny ösdürmek bilen bagly meseleler boldy.   

23–25-nji fewralda Aşgabat şäherinde Eýran Yslam  Respublikasynyň harytlarynyň XII ýöriteleşdirilen sergisini geçiriler, onda kompaniýalaryň 90-dan gowragy dürli ugurlarda alyp barýan işleri bilen tanyşdyrarlar.   

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi.   

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2016-njy ýylyň 1-nji martyndan başlap, Türkmenistanyň çäginde iş alyp barýan edara görnüşli taraplar üçin ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyny girizmek bellenildi.

“Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugyna “Türkmenistanyň döwlet standartlaşdyrmak ulgamy”, “Türkmenistanyň döwlet sertifikatlaşdyrmak ulgamy” we “Türkmenistanyň milli laýyklyk nyşany” döwlet standartlaryny işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Meňzeş täzelikler

2014