«ARETI» Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär — Igor Makarow

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe günin «ARETI» Halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, işewür özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň sazlaşykly ykdysady ösüşe eýe bolan Türkmenistan bilen özara peýdaly gatnaşyklary artdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Öz gezeginde, döwlet Baştutany Türkmenistanyň dünýä işewürliginiň, şol sanda Russiýanyň öňdebaryjy wekilleri bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny aýtdy.

Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň çäklerinde daşary ýurt hünärmenleriniň döwrebap tehnologiýalaryny we öňdebaryjy tejribelerini giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow köp ýyllyk bilelikdäki işiň netijesinde oňyn tejribe toplanan «ARETI» kompaniýasy bilen işewür gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen nygtady.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, dürli ulgamlarda, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini nazara alyp, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy.

Bildirilýän ýokary ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk-de öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge çynlakaý we örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Belläp geçsek, «ARETI» kompaniýalar topary 2009-njy ýylyň sentýabrynda gol çekilen taýýar önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň şertlerinde Hazar deňziniň türkmen böleginde 21-nji deňiz blogyny işläp özleşdirýär. Bu taslama onuň Türkmenistanda amala aşyrýan iň iri taslamasydyr.

Öňräk 21-nji blokda geçirilen seýsmiki işleriň netijesinde iki sany düzüm: Günbatar Ördekli we Günorta Ördekli düzümleri, şeýle hem nebit we gaz mümkinçiligi bolan zolaklar tapawutlandyryldy. Barlaglaryň geçirilmegi öwrenilýän düzümleriň uglewodorod serişdeleriniň uly geljegini bardygyny we olary özboluşly aýratyn topara goşmaga mümkinçilik berdi.

Meňzeş täzelikler

2014