Türkmen gazy Türkiýä energiýa serişdeleriniň importuny diwersifikasiýalaşdyrmaga kömek eder — bilermen

Transhazar gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi gaza içerki islegiň artýanlygyny hasaba alanyňda Türkiýä belli bir getirer. Bu pikiri Merkezi, Günorta we Günorta — Günbatar Aziýa boýunça Ýewraziýa barlaglary boýunça bilermen Robert M.Katler aýdýar. Ol öz nukdaýnazary bilen «Türkiýe we Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa» atly Yeni Safak gündelik türk gazetinde neşir edilen makalasynda aýdýar.

Hazar deňziniň hukuk ýagdaýyny kesgitlejek agzalyp geçilen resminama Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň gol çekmegi bilen Hazar gaz serişdelerini ýewropa bazarlaryna çykarmak boýunça amatly mümkinçilikler açylar.

Türkmenistan we Azerbaýjan, öz tarapyndan, Hazar deňzi boýunça turba geçiriji çekmäge taýýar. Elbetde, energiýa serişdelerine baý bolan iki döwlet energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyna eýerip, taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin ähli tagallalary ederler, diýip türk bilermeni hasaplaýar.

Soňky makalalarynyň birinde analitik türkmen energiýa serişdelerini Ýewropa ugratmagyň iki sany mümkin bolan ýoluny teklip edýär we olaryň ikisi hem Transhazar gaz geçirijisinden başlanýar. Mümkin bolan ugurlaryň biri ýyllyk kuwwaty 16 mlrd kub metr gaz boljak turba geçirijisi bilen Türkiýäniň üstünden üstaşyr geçer.

Şunlukda, awtoryň pikirine görä, türkmen «mawy ýangyjynyň» belli bir bölegini Türkiýe içerki sarp edişler üçin satyn alyp biler, bu bolsa Ankara importuň çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam eder.

2016-2017-nji ýyllarda Türkiýe ortaça 46-48 mlrd kub metr gaz import etdi. Türkiýä iň iri gaz iberiji ýurtlar — Russiýa, Eýran we Azerbaýjan.

 

Meňzeş täzelikler

2014