ABŞ-da nebitiň çykarylyşynyň artýanlygy sebäpli onuň bahasy arzanlamagyny dowam edýär

Penşenbe güni ABŞ-da nebitiň çykarylyşynyň rekord derejä çenli artandygy baradaky habardan soňra, onuň etalon kysymlarynyň bahalary aşaklamagyny dowam edýär, diýip Interfaks Dow Jones-a salgylanyp habar berýär.

FactSet-iň maglumatlaryna görä, çarşenbe güni söwdalaryň netijeleri boýunça WTI-niň bahasy şu ýylda ilkinji gezek iň aşak derejä düşdi.

«Brent» söwda belgili nebitiň bahalary 0,29 göterim aşaklap, 65,32 dollara deň boldy. Öňküsi gündäki söwdalarda olaryň bahalary 2,02 göterim pese düşüp, dollara deň boldy. Bu görkeziji 22-nji dekabrdan bäri iň pes netijedir.

«WTI» söwda belgili nebitiň bahalary penşenbe güni 0,42 göterim aşaklap, 61,53 dollara deň boldy. geçenki söwdanyň netijesinde onuň bahasy 2,52 göterim pese düşüp, 61,79 dollara deň boldy. Bu bolsa 8-nji ýanwardan bäri iň aşak görkezijidir.

Citigroup-da çaklamaklaryna görä, ABŞ-da nebit önümçiligi tomsuň ahyryna çenli günde 11 mln barrelden geçip biler. Ýagny bu ýagdaý hökümetiň bu möçbere noýabr aýynda çykar diýen çaklamalaryndan has öň bolup biler.

«ABŞ-da nebitiň çykarylyşy 2018-nji ýylyň tutuş dowamynda täze rekord derejelere çykmagyny dowam eder» diýip bankyň bilermenleri belleýär.

ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň Energetika ulgamynda maglumatlar müdirliginiň täzelikde neşir edilen bahalandyrmasyna görä, şu ýylda ABŞ-da nebitiň çykarylyşy ortaça günde 10,59 mln barrele, 2019-njy ýylda – 11,18 mln b/g deň bolar. Görkezijileriň ikisi hem geçenkiler bilen deňeşdirilende 3,1 göterim artykdyr.

ABŞ-da nebit ätiýaçlyklary 2-nji fewralda tamamlanan hepdede 1,9 mln barrel artyp, 420,25 mln barrele deň boldy, diýip çarşenbe güni ABŞ-nyň Energetika ministrliginde habar berildi.

Geçen hepdäniň netijeleri boýunça ABŞ-da nebitiň çykarylyşy 3 göterim artyp, günde 10,251 mln barrele deň boldy. Bu görkeziji hepdelik rekord görkezijidir.

 

Meňzeş täzelikler

2014