Ýewrokomissiýa 2018-nji ýylda «Brent» nebitiniň barreliniň bahasy boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy

Ýewrokomissiýa (ÝK) 2018-nji ýylda «Brent» söwda belgili nebitiň ortaça bahasynyň düýpli ýokarlanmagyny — 68 dollara deň bolmagyny çaklaýar. Bu barada gyşky ykdysady çaklama boýunça ÝK-nyň hasabatynda aýdylýar, diýip TASS habar berýär.

«Çaklamalara görä, «Brent» söwda belgili nebitiň bahasy 2018-nji ýylda ortaça 68,3 dollara, 2019-njy ýylda 64,2 dollara deň bolar» diýlip resminamada aýdylýar.

Güýzki ykdysady hasabatynda ÝK «Brentiň» has pes nyrhlaryny çaklaýardy — 2018-nji ýylda – 55,7 dollar, 2019-njy ýylda – 54,7 dollar.

Ýewrokomissiýa şeýle hem Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň ykdysadyýetiniň 2018-2019-njy ýyllarda ösmegini çaklaýar. «Ýewropa çäginiň we ÝB-niň ykdysadyýeti 2017-nji ýylda 2,4 göterim ösdi. Bu görkeziji soňky on ýylda iň tiz ösüşdir. Bu depgin 2018 we 2019-njy ýyllarda degişlilikde 2,3 göterim we 2 göterim ösüş bilen dowam eder» - diýlip resminamada bellenilýär.

Mundan başga-da, ÝK Ýewropa çägindäki döwletlerde sarp edijilik nyrhlarynyň ösüşini 2018-nji ýylda 1,5 göterim derejesinde bahalandyrdy. Bu çaklama güýzki hasabatda 1,4 göterim derejededi.

 

Meňzeş täzelikler

2014