Daşary ýurtlarda «Turkmenplene» bolan isleg artýar

2017-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň saklaýyş we ýükleýiş terminallaryndan satyn alyjylara 60 müň tonnadan gowrak gymmat bahaly önüm ýüklenildi, diýip «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

TNGIZT-niň baş zawodyndan terminala ýurtda we ondan daşynda uly islegden peýdalanýan ortaça granulirlenen nebithimiýa önümleriniň her günde 200 tonna golaýy getirilýär.

Häzirki wagtda portda «Муса Джалиль» rus ýük gämisine polipropilen ýüklemek işleri tamamlanyp gelýär. Polipropilen kenardan gämä poddonlara ýerleşdirilen (Pallet) klapan haltalarynda ýüklenilýär. Olaryň her birinde umumy agramy 1 tonna barabar bolan 40 sany halta ýerleşýär. Bu bolsa diňe bir ýükleýiş işlerini däl, eýsem, gämä ýüklenen ýüki hasaplamnaga hem ýeňillik berýär.

Ýüklemek işleri tamamlanandan soňra, rus gämisi açyk deňze çykyp Astrahan welaýatynyň Olga portuna «Turkmenplen» ady bilen mälim bolan iki tonna golaý polipropilen äkider.

Meňzeş täzelikler

2014