Türkmenistanyň Prezidenti we Hindistanyň täze Ilçisi TOPH taslamasyny hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azar Abul Hasan Hany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat milletiň Liderine Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň we Premýer-ministri Narendra Modiniň mähirli sözlerini we ähli ugurlarda türkmen-hindi gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygy barada aýdanlaryny ýetirdi. Şunda, Hindistanyň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçirilýän we sebit hem-de ählumumy möçberde abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän döredijilikli parahatçylyk söýüjilik syýasatyna ýokary baha berýändigi we ony goldaýandygy aýdyldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Günorta Aziýa döwletleri, aýratyn-da, sebit möçberdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde ygtybarly hyzmatdaş bolan Hindistan bilen däp bolan gatnaşyklaryň berkidilmegine gyzyklanma bildirýändigini belläp, iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň döwrüň talabyna we ikitaraplaýyn bähbitlere laýyk gelýän täze hile eýe bolýandygyny we onuň üstüniň täze mazmun bilen ýetirilýändigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda Aziýa sebitiniň döwletleriniň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşine, ählumumy energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Munuň özi Ýewraziýa yklymynda parahatçylygyň, dostlugyň we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň köprüsine öwrüler.

Türkmenistanyň Prezidenti hem-de ilçi soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belläp, Söwda, ykdysady, ylym we tehnologiýa boýunça hyzmatdaşlyk baradaky Hökümetara türkmen-hindi toparyna möhüm ähmiýet berilýändigini, şeýle hem deňhukuklylyk we özara bähbitli esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde esasy orun eýeleýän dürli derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň yzygiderli dowam etdirilmelidigini nygtadylar.

Energetika we ulag pudaklary ýaly möhüm ugurlardaky tagallalaryň utgaşdyrylmagy wajyp bolup durýar. Türkmenistan bu babatda ýük daşamak üçin has amatly ugurlary üpjün edýän halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014