«Günorta gaz geçelgesi» Ýewropada gaza bolan artýan islegi kanagatlandyrmaga kömek eder — Ýewrokomissar

Ýewropa Bileleşiginiň özünde gazyň çykarylyşynyň azalýandygyny nazarda alsaň, «Günorta gaz geçelgesi» Ýewropada gaza bolan artýan islegi kanagatlandyrmaga kömek eder. Bu barada Klimatik üýtgemeler we energetika boýunça ýewrokomissar Migel Arias Kanýete Strasburgda Ýewropa Parlamentiniň plenar mejlisinde eden çykyşynda belledi.

Şeýle hem ol Ýewropa Bileleşiginiň gazyň importuna bolan isleginiň 2040-njy ýyla çenli häzirki 70 göterimliginden 83 göterime ýetjekdigini belledi.

«Gaz Ýewropa Bileleşiginiň esasy energiýa çeşmesi bolmagynda galýar. Ýewropada gaza bolan zerurlyk barha artýar. Häzirki wagtda ÝB sarp edýän gazynyň 70 göterimini import edýär» diýip ol aýtdy.

Şeýle hem ýewrokomissaryň belleýşi ýaly, «Ýewropanyň özünde gaz çykarylyşy azalýar». «Biziň gazyň importuna bolan baglylygymyz, garaşylyşy ýaly, ýokarlanmagyny dowam eder we 2040-njy ýyla çenli 83 göterime deň bolar» - diýip ol aýtdy.

«Günorta gaz geçelgesi» ÝB üçin geljegi uly taslamalaryň biri bolup, ol Hazar sebitinden 10 milliarddan gowrak azerbaýjan gazyny Gruziýanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ibermekligi göz öňüne tutýar.

Başlangyç tapgyrda «Şah Deňiz» azerbaýjan gaz kondensatly känini özleşdirmegiň ikinji tapgyrynyň çäklerinde çykaryljak gaz bu taslama üçin esasy çeşme hökmünde görülýär. Taslamanyň soňky tapgyrlarynda oňa beýleki çeşmeler hem goşulyp biler. Käni işläp taýýarlamagyň ikinji tapgyrynda gaz Türkiýä we ýewropa bazarlaryna Günorta Kawkaz gaz geçirijilerini giňeltmek we Transanatoliý (TANAP) we Transadriatik (TAP) turbageçirijilerini gurmak arkaly eksport ediler.

 

Meňzeş täzelikler

2014