Nebitiň bahalary aşaklamadan soň, gymmatlaýar: «Brent» - $63,34, «WTI» - $59,85

2018-nji ýylyň 12-nji fewralynda Moskwa wagty bilen 7:54-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,9 göterim ýokarlanyp, 63,34 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 1,1 göterim gymmatlap, 59,85 amerikan dollaryna barabar boldy.

8-njy fewralda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 3,1 göterim pese düşüp, 62,79 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 3,2 göterim aşaklap, 59,20 amerikan dollaryna barabar boldy.

Meňzeş täzelikler

2014