ÝB «Günorta gaz geçelgesi» boýunça Türkmenistandan we Gazagystandan gaz almagy meýilleşdirýär

Ýewropa Bileleşigi bilen Azerbaýjanyň hyzmatdaşlyk geňeşiniň mejlisinde «Günorta gaz geçelgesi» taslamasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy. Azerbaýjanyň DIM-niň habarynda bellenilişi ýaly, taraplar «Günorta gaz geçelgesi» (GGG-niň) düzüm bölegi bolan Transadriatik turba geçirijisiniň gurluşygynyň meselelerine aýratyn üns berdiler. Bu barada ORIENT habarlar agentligi belleýär.

Häzirki wagtda Brýussel azerbaýjan gazyny Günorta Ýewropa ýurtlaryna ibermekligi göz öňünde tutýan GGG taslamasyny durmuşa geçirmäge aýratyn üns berýär. Birinji tapgyrda ýylda 16 milliard kub metr gaz ibermeklik göz öňünde tutulýar. Şondan 6 mlrd kub metr gaz Türkiýä, 10 mlrd kub metr bolsa Ýewropa niýetlenilýär. Ibermeleri 2019-2020-nji ýyllarda başlamak meýilleşdirilýär.

Geljekde Ýewropa Bileleşigi GGG infrastrukturasyny türkmen we gazak tebigy gazlaryny hem Ýewropa bazarlaryna çykarmak üçin ulanmagy göz öňünde tutýar.

Bilermenleriň pikirine görä, «Günorta gaz geçelgesini» diňe azerbaýjan gazy bilen doly kuwwatlandyryp bolmaz. Ýewropa bazarlaryna ygtybarly gaz iberlemerini üpjün etmek üçin «Günorta gaz geçelgesi» taslamasyna Merkezi Aziýadan, ilkinji nobatda, Türkmenistandan tebigy gazy goşmak zerur.

Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin Hazaryň asty boýunça — Transhazar turbageçirijisini çekmeli. Bilermenleriň pikiriçe, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary gol çekenlerinden soňra, Transhazar gaz geçirijisiniň gurluşygy uzaga çekmez.

 

Meňzeş täzelikler

2014