Almata şäherindäki sergide uglewodorodlardan türkmen halylary görkeziler

Türkmenistanda öndürilen, «Nowruz haly»  söwda belgili adaty bolmadyk haly önümleri 24-27-nji fewralda Almatada geçiriljek öý dokma senagatynyň (Central Asia Home textile).15-nji halkara sergisinde görkeziler. Bu sergi Gazagystanyň Central Asia Trade Exhibitions sergi kompaniýasy tarapyndan gurnalýar.

ORIENT habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, bu sergä gatnaşjak «Muhammet — Balkan» türkmen hojalyk jemgyýeti nebiti gaýtadan işlemegiň önümlerinden alynýan akril ýüplüginden «Nowruz haly» söwda belgili haly önümleriniň önümçiligine ýöriteleşýär. Sergide dürli ülňülerdäki, görnüşlerdäki we niýetlenişdäki (aşhanalar, ýatalga, myhman jaýlar we ş.m. üçin) bezeg halylary görkeziler. Görkeziljek haly önümleriniň umumy agramy 350 kg deň bolar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan «Muhammet – Balkan» HJ sergä gatnaşmak bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlary täze önümçilik bilen tanyşdyrmagy we Merkezi Aziýa ýurtlaryna bu önümiň eksportyny ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Hojalyk jemgyýetiniň hyzmatdaşly bolup durýan «Abadan haly» APJ kärhanany önümçilik üçin çig mal bilen üpjün edýär we öz gezeginde ony ýerli nebitgaz toplumynyň önümlerinden işläp taýýarlaýar.

Öň habar berlişi ýaly, «Abadan haly» APJ iki ýyl mundan öň, innowasion tehnologiýalar esasynda polipropilenden edilen ýüplükleriň önümçiligi ýola goýuldy. Bu bölümiň önümçilik kuwwaty her günde 8  tonna emeli ýüplüklere barabardyr. Bölüm Ýewropanyň öňdebaryjylary bolan Germaniýanyň “Oerlikon”, “Volkman”, “Pover Heat Seat”, Belgiýanyň “Gilbos” kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Bu ýerde ýokary basyşly gyzgynlyk bilen polipropileniň gerdekleri ýüplüge öwrülýär we ýörite boýaglar arkaly zerur bolan reňkli ýüplüklere öwrülýär. Bu ýerde oturdylan täze enjamlar otaglaryň ölçegine laýyk halylary taýýarlamaga, olara dürli şekilleri, ýazgylary we bezegleri çitmäge mümkinçilik bar.

Innowasion tehnologiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy hem-de ýokary takyklykly sanly enjamlardan peýdalanylmagy türkmen önüm öndürijilerine hil taýdan täze derejä çykmaga hem-de bazara düýbünden täze önümi hödürlemäge mümkinçilik berdi.

Granulirlenen polipropilen Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan öndürilýär. Bu önüm milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda giňden peýdalanylýar we eksport edilýär.

«Muhammet – Balkan» haly önümlerini öndürmekden başga-da, senagat kärhanalarynyň, okuw mekdeplerini, sport toplumlaryny we beýleki desgalary gurmak bilen meşgullanýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014