Bir pökgi «Ahaly» toparçalara bir adim ýakynlaşdyrdy

Şu gün «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynda Täjigistanyň «Hujand» toparyny kabul etdi. Balkanabadyň 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirilen duşuşyk 1:0 hasabynda türkmen futbolçylarynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

«Ahal» hem, «Hujand» hem geçen ýyl milli çempionatlarda we kubok ýaryşlarynda birmeňzeş netijeleri görkezdiler. Toparlaryň ikisi hem Türkmenistanyň we Täjigistanyň çempionatlaryny ikinji orunda tamamlap, ýurduň kubogyna eýe boldular. Bu netijeler güýçleriň deňeçerliginden habar berýär. Şol deňeçer güýç hem duşuşykda özüni görkezdi. 18-nji minutda myhmanlaryň derwezesine urlan 11 metrlik jerime urgusy diýäýmeseň, duşuşyk, esasan, deňeçer ýagdaýda geçdi. Ýöne bu duşuşygyň çekeleşikli we dartgynly bolmandygyny aňlatmaýar. Tersine, sport toplumyna ýygnanan 10 müň çemesi janköýer örän gyzykly duşuşyga şaýat boldular.

17-nji minutda myhman toparyň goragçylarynyň biri jerime meýdançasynyň içinde «Ahalyň» hüjümçisi Süleýman Muhadowy ýykdy. Iordaniýaly eminiň «Hujandyň» derwezesine bellän 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetiren ýarym goragçy Myrat Annaýew duşuşykdaky ýeke-täk pökgini öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, AFK-nyň kubogyna ýurdumyzdan wekilçilik eden futbol toparlary 65-nji duşuşygynda 17-nji ýeňşini gazanyp, garşydaş derwezelere geçiren pökgüleriniň sanyny 76-a çykardylar. Myrat Annaýew bolsa Gyrgyzystanyň «Dordoý», Täjigistanyň «Hujand» toparlary bilen geçirilen üç duşuşykda üçünji gezek tapawutlanyp, şu ýyl resmi duşuşyklarda iň kän tapawutlanan türkmen futbolçysy boldy.

«Ahal» bilen «Hujandyň» arasyndaky jogap duşuşygy 20-nji fewralda Täjigistanda geçiriler. Eger «Ahal» bu duşuşykda-da hasapdaky artykmaçlygyny saklap bilse, AFK-nyň kubogynyň «D» toparçasynyň dördünji wekili bolar.

Meňzeş täzelikler

2014