TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen hemişelik ýazylar — Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabatda geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 23-nji we 26-njy fewralda meýilleşdirilen çäreleriň taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy. Olaryň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, Türkmenistan – Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň, şu ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň başlanmagy, Owganystandaky Turgundy menzilinde Serhetabat — Turgundy täze demir ýolunyň, Lebap welaýatynda Halkara howa menziliniň açylmagy hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga bermek mynasybetli medeni çäreler bar.

Hususan-da, degişli ugurlara ýolbaşçylyk edýän wise-premýerler hasabat bilen çykyş etdiler.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň köpşahaly ulgamyny döretmegiň, olaryň halkara ugurlarynyň ygtybarlylygyny we goraglylygyny üpjün etmegiň Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny döretmäge, giň möçberli halkara energetika taslamalarynyň, şol sanda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen daşary syýasat başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH gaz geçirijiniň şeýle taslamalaryň biri bolup durýandygyny belläp, öňümizdäki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Häzirki döwürde biz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de beýleki möhüm taslamalaryň, hususan-da, energetika we aragatnaşyk, ulag - kommunikasiýa ulgamlaryndaky taslamalaryň amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Beýleki ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda 23-nji fewralda biziň bilelikde düýbüni tutjak, Aziýa ýurtlaryna türkmen tebigy gazyny eltjek Türkmenistan — Owganystan —Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen hemişelik ýazylar diýip, Prezident belledi.

Asyryň bu iri gaz geçirijisi sebitiň ýurtlarynyň ykdysady taýdan ösmegine uly itergi berer. Müňlerçe täze iş orunlaryny açmaga mümkinçilik döreder. Elektrik energetikasy, ulag-kommunikasiýa we ýaşaýyş-durmuş maksatly üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmäge ýardam eder. Elektrik geçiriji ulgamlaryň çekilmegi bolsa, Türkmenistan — Owganystan —
Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ähli desgalaryndan başga-da, sebitiň ýurtlaryny elektrik energiýasy bilen kadaly üpjün etmäge hem mümkinçilik berer. Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Aziýanyň beýleki döwletlerine elektrik energiýasyny eksport etmäge şert döreder. Bu ýurtlaryň hökümetleri şol taslamanyň çaltrak durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini öň beýan etdiler diýip, milli Lider aýtdy.

Biziň Garaşsyz Watanymyzyň Merkezi Aziýa sebitinde, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde esasy halka, Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda örän möhüm maglumat - kommunikasiýa köprüsi hökmünde ykrar edilmegi halkara ölçeglerine laýyk gelýän we maglumat alyşmagyň ýokary hilini üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder.

Ýokarda sanalyp geçilen taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň, senagat harytlarynyň we maglumatlaryň üstaşyr geçirilmeginden alynjak serişdeleriň hasabyna Owganystanyň býujetine köp möçberde girdeji getirer. Biziň sebitimizde ýaşaýan halklaryň bähbidine durnuklylygyň we yzygiderli durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolar diýip, Prezident belledi.

Meňzeş täzelikler

2014