TNGIZT nebit koksunyň önümçiligini artdyrýar

2018-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) 12,2 müň tonna nebit koksuny öndürdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21,8 göterim artykdyr. Bu barada ORIENT habarlar agentligi Türkmenistanyň Statistika hakynda döwlet komitetine salgylanyp habar berýär.

Bellenilişi ýaly, 2017-nji ýylda nebit önüminiň bu görnüşiniň 146,3 müň tonnasy öndürildi. TNGIZT onuň önümçiligini artdyrmagyny, şeýle hem ony gaýtadan işlemekligi çuňlaşdyrmagy dowam edýär.

Öňräk TNGIZT BAE-niň «WTb» (FZE) hem-de «WesportTradin Europe Limited» amerikan kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen nebiti  gaýtadan işlemegi 94 göterime çenli çuňlaşdyrmaga we ýylda 191 müň tonna ýokary hilli nebit koksuny gaýtadan işlemekligi üpjün etmäge mümkinçilik berjek haýalladylan kokslaşdyrma desgasyny gurmak boýunça şertnama baglaşdy.

TNGIZT-de öndürilýän nebit koksy köp sanly senagat pudaklarynda, şol sanda himiýa, metallurgiýa, kosmos we atom senagatynda giňden ulanyldy.

Türkmen çig malynyň häsiýetli aýratynlyklary hem-de onuň mukdary bu önümiň önümçiliginde öňdeligi saklaýan, ýöne zerur bolan tebigy serişdeleri bolmadyk ýurtlar (ABŞ, Hytaý we Ýaponiýa) bilen deňeşdirilende nebit önüminiň bu görnüşiniň ýokary hilini we iň pes nyrhlary saklamaga mümkinçilik berýär.

Ykdysatçylaryň belleýşi ýaly, «ýokary girdejili» diýlip atlandyrylýan nebit koksuna bolan isleg orta depginden ýokary bolmagynda galýar. Şonuň üçin hem Türkmenistan içerki sarp ediş hem-de eksport üçin bu önümiň önümçiligini artdyrmaklygy maksat edinýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014