Azerbaýjan we Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Bakuda Türkmenistan Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda özara düşünişmek hakynda 2017-nji ýylyň 8-nji awgustynda gol çekilen Ähtnama laýyklykda döredilen Hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ilkinji mejlisi geçirildi. Bu barada Azerbaýjanyň APA habarlar agentligi habar berýär.

APA DIM-niň metbugat gullugynda habar berlişi ýaly, mejlise daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafowyň ýolbaşçylygyndaky hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet komitetiniň başlygy Myrat Atajanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler gatnaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylaryň nygtaýyşlary ýaly, geçen ýylyň ahyrynda Moskwada ylalaşylan «Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýa» Hazar deňzinde özara gyzyklanma döredýän meseleleri çözmäge ýardam eder.

Taraplar Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň maksatlaryna ýetmek üçin deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda iki ýurduň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, bu hili hyzmatdaşlyk Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň ykdysadyýetine uly goşant goşar.

Taraplar şeýle hem Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda Hazar deňziniň düýbüni paýlaşmak bilen bagly meseleleri maslahatlaşdylar.

APA-nyň belleýşi ýaly, iki ýurduň hem ýokary energetiki mümkinçiliklere eýedigini nazara alyp, tagallalary birleşdirmek we energetiki taslamalary giňeltmek boýunça geljekki ylalaşyklary gazanmak üçin Hazar deňzi boýunça şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Taraplar indiki mejlisi Türkmenistanda geçirmekligi ylalaşdylar.

 

Meňzeş täzelikler

2014