«Galkynyş» käninde tebigy gazyň täze senagat akymy alyndy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawçylary Mary welaýatyndaky ägirt uly «Galkynyş» gaz käninde 8 sany guýuda buraw işlerini tamamladylar.

Hususan-da, müdirligiň burawçylary №70 belgili ulanyş guýusyny üstünlikli burawladylar. Şatlyk Jumaýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen işleriniň netijesinde tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymy alyndy.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri guýuda hasaplaýyş işlerini geçirdiler. Netijede guýynyň mümkin bolan gündelik debiti kesgitlenildi.

Häzirki wagtda müdirligiň guýularynda synag işleri geçirilýär.

Mundan başga-da, müdirligiň hünärmenleri «Galkynyş» känindäki 110-njy, 262-nji, 264-nji we 301-nji guýularda buraw işlerini alyp barýarlar.

Meňzeş täzelikler

2014