Nebitiň bahalary arzanlaýar: «Brent» - $64,65, «WTI» - $61,07

2018-nji ýylyň 21-nji fewralynda Moskwa wagty bilen 7:47-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,9 göterim aşaklap, 64,65 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 1,2 göterim arzanlap, 61,07 amerikan dollaryna barabar boldy.

20-nji fewralda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,42 göterim pese düşüp, 65,25 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,7 göterim aşaklap, 61,90 amerikan dollaryna barabar boldy.

Meňzeş täzelikler

2014