OPEC+ 2018-nji ýyldan soň hyzmatdaşlyk etmegiň taslamasyny taýýarlar

OPEC+ 2018-nji ýyldan soň hyzmatdaşlyk etmegiň taslamasyny taýýarlar. Bu barada BAE-niň energetika ministri, OPEC konferensiýasynyň başlygy Suheýl al-Mazrui Britan energetika instituty tarapyndan guralan IP Week-de (Halkara nebit hepdeligi) belledi, diýip TASS habar berýär.

«Biziň bilelikdäki hyzmatdaşlygymyzyň düzgünnamasynyň taslamasy kadalaşdyrylmak tapgyrynda dur. Biz ministrler bilen muny ara alyp maslahatlaşmaga we şu ýylda ylalaşyga gelmäge umyt bildirýäris. Eger-de biz muny gazanyp bilsek, onda ol OPEC-i güýçlendirer» - diýip ol aýtdy.

«Gürrüňsiz, konferensiýanyň başlygy hökmünde biziň tarapymyzdan, şeýle hem baş sekretary tarapyndan şu ýylda biziň bilelikde mundan beýläk işi neneňsi bilelikde dowam etjekdigimiz barada umumy ýörelgeleri ýola goýmaklyga ymtylyş bar» diýip al-Mazrui aýtdy.

«Şu ýylda biz bazaryň deňagramlylygyny saklap galmak üçin bu hyzmatdaşlygy dowam ederis. Bazarda deňagramlylyk gazanmaga ýardam beren düşünişmegiň, hyzmatdaşlygyň, özara bähbitli gyzyklanmalaryň we gazanylanlaryň derejesi hemmeler tarapyndan kabul edilip bilinjek taslamalary işläp düzjekdigimize umyt etmäge ýardam edýär» diýip ministr belledi.

Dünýä ykdysadyýetiniň energetika ulgamy geljek iki onýyllykda energiýa serişdeleriniň ýeterlik mukdaryny üpjün etmek üçin 10 trln amerikan dollaryndan gowrak maýa goýumlaryny çekmeli, diýip al-Mazrui belledi.

Galyberse-de, sişenbe güni konferensiýasynda eden çykyşynda BP-niň ýolbaşçysy Robert Dadliniň belleýşi ýaly, 2040-njy ýyla çenli nebitiň ulanyş paýy örän düýpli bolmagyna galar. «Eger-de häzirki ýörelgeler dowam etse, onda 2040-njy ýylda biz gazylyp alynmaýan ýangyjyň ulanylyşynyň dünýäniň energetika deňagramlylygynyň dörtden bir bölegine çenli eýelär diýip hasaplaýarys. Galan dörtden üç bölek nebitiň, gazyň we kömrüň paýyna düşýär» - diýip ol aýtdy.

«Klimat boýunça Pariž ylalaşygyna laýyklykda, has tiz depginde geçilen ýagdaýynda 2040-njy ýyla çenli nebit we gaz bilelikde dünýäniň energetika deňagramlylygynyň 40 göterimine jogap berer. Dünýä energiýanyň dikeldilýän çeşmelerine tarap ýolda däl-de, zyýanly zyňyndylary azaltmagyň ugrunda hereket edýär» diýip Dadli belledi.

Saud Arabystanynyň energetika, senagat we mineral serişdeleri ministri Haled ben Abdel Aziz al-Falehiň öňräk belleýşi ýaly, Er-Riýad häzirki wagtda çykarylýan taslamalara «trillion dollarlary» maýa goýmak zerurdyr. Bu nebit bazarynda geljekde durnuklylygyň saklanmagyna kepil geçer.

Meňzeş täzelikler

2014