OPEC-iň ministrler geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň senesi we ýeri belli boldy

OPEC-iň nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça ylalaşygyna gatnaşyjy ýurtlar monitoring boýunça ministrler geňeşiniň geçiriljek ýeri barada meýilnamalaryny üýtgetdiler. Mejlis 14-15-nji aprelde Saud Arabystanynda Jidda şäherinde geçiriler. Bu barada Kuweýtiň nebit ministri Bahit ar-Raşide salgylanyp Ria Nowosti habar berýär.

Ýanwar aýynda OPEC-iň ministrler monitoring ministrler geňeşi indiki mejlisiň Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçiriljekdigini habar beripdi. Şunuň bilen birlikde, Ria Nowostiniň OPEC-däki çeşmesi mejlisiň 14-15-nji aprelde geçiriljekdigini aýdypdy.

OPEC we oňa girmeýän birnäçe döwletler nebitiň jemi çykarylyşyny 2016-njy ýylyň oktýabryndaky derejeden günde 1,8 million barrel derejede çäklendirmegi ylalaşdy, şol sanda 300 müň barreli Russiýanyň paýyna düşýär. Ylalaşyk 2017-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygy üçin baglaşyldy. Maý aýynda onuň möhleti 9 aý — 2018-nji ýylyň martyna çenli uzaldyldy. 30-njy noýabrda OPEC+ ýurtlarynyň ministrleri ylalaşygyň möhletini 2018-nji ýylyň ahyryna çenli uzaltdylar.

OPEC-iň ministrler monitoring geňeşi wena ylalaşygynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek hem-de oňa düzedişler girizmek boýunça teklipleri işläp düzmek maksady bilen döredildi. Onuň düzümine Saud Arabystanynyň, Wenesuelanyň, Kuweýtiň, Alžiriň, Omanyň we Russiýanyň wekilleri girýär.

Meňzeş täzelikler

2014