TAP iri Ýewropa bazarlary üçin mümkinçilikleri giňeldýär

Ýewropa Bileleşiginiň kadalaryna laýyklykda, Transadriatik gaz geçirijisiniň (TAP) «açyk möwsümlerine» gatnaşmaga isleg bildiren islendik eksport ediji gatnaşmaga bildirilýän talaplara laýyk gelen ýagdaýynda muny amala aşyryp biler, diýip TAP-yň kommunikasiýalar bölüminiň ýolbaşçysy Liza Giwert bu taslama beýleki ýurtlaryň hem goşulmak mümkinçiligi dogrusynda belläp, Trend we Azernews-e habar berdi.

Öňräk, Ýewropa komissiýasynyň energetika bileleşigi boýunça wise-prezidenti Maroş Şefçowiç ÝB-niň Eýranyň «Günorta gaz geçelgesine» goşulmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny belledi. Ol şeýle hem ÝB-niň Türkmenistanyň hem bu taslama goşulmak mümkinçiliginiň ýollaryny gözlemekligi dowam etdirjekdigini aýtdy.

«TAP — bu «Günorta gaz geçelgesiniň» Ýewropa şahasydyr. Turba geçiriji ilkibaşda Azerbaýjanyň «Şah Deňiz-2» käninden 10 milliarddan gowrak gaz iberer. Goşmaça gaz serişdeleriniň  gelmegi bilen kuwwatlyklaryny iki esse artdyryp biler» - diýip Giwert aýtdy.

TAP-yň kommunikasiýalar boýunça ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, turba geçirijiniň Italiýa ýetirilmegi Germaniýa, Fransiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa we Awstriýa ýaly Ýewropanyň iri bazarlary üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

«TAP-yň energetika howpsuzlygyna we diwersifikasiýalaşdyrmaga goşandynyň Günorta-Gündogar Ýewropada iň düýpli bolmagy mümkin. TAP Gresiýa — Bolgariýa Interkonnektory (IGB) we Ionik-Adriatik turba geçirijisi (IAP) ýaly birnäçe infrastruktura taslamalaryna goşulmaga ymtylýar» - diýip Giwert belledi.

Giwertiň bellemegine görä, IGB we IAP bilen hyzmatdaşlyk etmek bilen TAP Ýewropa energetika bileleşiginiň ileri tutulýan maksatlary bolan ibermeleriň özara bähbitliligini we howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär.

«TAP şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlarda ýa-da ibermeleriň bes edilmek mümkinçiligi ýagdaýlarynda gazy rewersiw ibermeklik mümkinçiligine eýedir. Biz TAP-yň üstünden iberilýän gaza eýelik etmeýändigini we Günorta-Gündogar Ýewropada fiziki infrastrukturanyň gurluşygyna jogap bermeýändigini (878 kilometrlik turba geçirijiden başga) nygtamak isleýäri» diýip kommunikasiýalar bölüminiň ýolbaşçysy aýtdy.

Giwertiň sözlerine görä, sebitiň dürli subýektleri degişli bazarlarda täze we diwersifisirlenen çeşmeleriň alynmagyny üpjün etmek üçin mümkin bolan satyjylar bilen söwda şertleri barada ylalaşyp bilerler.

«Ykdysadyýetiň dikeldilmegi hem-de elektrik energiýasynyň kömür ýangyjyndan öndürilmeginiň tamamlanmagy netijesinde Günorta-Gündogar Ýewropada tebigy gaza bolan islegiň artmagyna garaşylýar. Şeýlelikde, TAP energiýanyň has arassa çeşmesini ornaşdyrmaga mümkinçilik berer, bu bolsa uglerodlaryň zyňylmagyny çäklendirip, ekologik maksatlary amala aşyrmaga ýardam eder» diýip ol belledi.

4,5 milliard ýewro barabar bolan TAP «Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň bir bölegidir we ol türk-grek serhedinden TANAP gaz geçirijisi bilen birikdiriler. TANAP Gresiýanyň, Albaniýanyň çäklerinden, Adriatik deňziň düýbünden geçip, Italiýanyň günortasyna gönükdiriler.

TANAP gaz geçirijisiniň gurluşygy 2018-nji ýylda, TAP bolsa 2020-nji ýylda tamamlanar.

Meňzeş täzelikler

2014