Awazada «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly halkara okuw maslahaty geçýär

2018 nji ýylyň 5-nji martynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Ol Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara umman instituty (HUI) bilen bilelikde guraldy.

Maslahata Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem halkara bilermenler — HUI-niň deňiz ykdysadyýeti, syýasaty, dolandyryş, ekologiýasy, deňiz hukugy we beýleki ugurlardan ylmy maslahatçylary gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berlişi ýaly, 10 günlük okuwyň maksatnamasy Hazarýaka döwletleriniň ösüşiniň ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlary bilen gös-göni bagly bolan meseleleriň giň toparyny öz içine alýar. Okuw dört bölüme – «Ummany dolandyrmagyň düzümi», «Suw serişdelerini durnukly dolandyrmagyň maliýe gurallary», «Umman bilen gatnaşyklary dolandyrmagyň gurallary» we «Hazar deňzini dolandyrmak» diýen ugurlara bölünýär.

Okuw maslahatynyň çäklerinde «Ummanlaryň baýlygy», «Howanyň üýtgemeginiň deňiz gurşawyna täsiri», «Deňiz köpdürlüligi», «Daşky gurşawa täsire baha bermek», «Kenarýaka zolaklaryny toplumlaýyn dolandyrmak», «Deňiz giňişligini meýilleşdirme», «Hazar deňziniň nebit, gaz we beýleki serişdelerini gözlemekde hem-de ulanmakda halkara hukugyny peýdalanmak», «Hazar deňzinde gämi gatnawyny kadalaşdyrmagyň halkara kadalaryny peýdalanmak», «Türkmenistanda ählumumy ekologiýa gaznasynyň taslamalary», «Hazar deňzi sebiti: durmuş-ykdysady we syýasy ugurlar», «Hazar ekologiýa maksatnamasy» ýaly mowzuklara garalar.

Okuw leksiýalary, tejribe sapaklaryny, interaktiw çekişmeleri, tegelek stollary, tanyşdyrmalary, Hazar döwlet goraghanasyna tanyşlyk gezelenjini öz içine alýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014