Hytaýyň ilatyna köp möçberde gaz gerek

Hytaý tebigy gazyň importuny düýpli artdyrmak boýunça meýilnamalary taýýarlaýar. Çünki soňky ýyllarda bu ýurtda ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň sarp edilişiniň düýpli ýokarlanmagyna gözegçilik edilýär.

ORIENT habarlar agentliginiň bellemegine görä, Hytaýyň Ösüş işleri we özgertmeler boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysy He Lifen žurnalistler bilen gürrüňdeşlikde diňe geçen ýylda Hytaýyň ilatyna 237 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz berlipdir, bu görkeziji 2016-njy ýyldaky bilen deňeşdirilende 14 göterim artykdyr.

Onuň aýtmagyna görä, ýurduň häkimiýeti «mawy ýangyja» bolan şular ýaly uly islege ilkinji gezek gabat geldi we indi energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde bu şertleri göz öňünde tutmaly bolar.

HHR-iň Ösüş işleri we özgertmeler boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysy bu ýerde ýurda tebigy gazyň importuny artmakda peýdalanyljak çeşmeleri hem kesgitledi. Olaryň arasynda Merkezi Aziýa, Aziýa – Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri we Russiýa bar. Russiýa Hytaýa «Sibiriň güýji» gaz geçirijisiniň gurluşygyny alyp barýar.

Ýurduň energetiki deňagramlylygynda tebigy gazyň artýan ähmiýetini nygtamak üçin He Lifen şeýle hem HHR-iň şäherleriniň içinde Şanhaýda iň iri ýangyç ätiýaçlyklarynyň bardygyny belledi. Bu şäherde gaz ätiýaçlyklary 15 gün derejesinde saklanylýar, Pekinde bolsa gaz ätiýaçlyklary 10 güne ýetmeli.

Haçanda He Lifen HHR-e gaz iberijiler dogrusynda Merkezi Aziýa döwletleri barada aýdanda ol, elbetde, Türkmenistany göz öňünde tutdy. Çünki ençeme ýyllaryň dowamynda Hytaýyň esasy ýangyjy kömürdi we diňe 2009-njy ýylda Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisiniň işe girizilmegi bu ýurtda tebigy gaz eýýamyny açdy. Şol wagtda bäri ýurtda tebigy gazyň sarp edilişi diňe ýokarlanmak bilen boldy, çünki HHR-iň ilaty kömür bilen deňeşdirilende «mawy ýangyjyň» artykmaçlyklaryna, şol sanda iri hytaý şäherleriniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakda ähmiýetine tiz baha berdiler.

Häzirki wagtda Türkmenistan turba geçirijiler arkaly tebigy gazy eksport edýän iň iri döwlet bolup durýar. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji D şahasynyň gurulmagy bilen türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän möçberi her ýylda 65 milliard kub metre ýeter.

 

Meňzeş täzelikler

2014