Aşgabatda «Arkadag taglymaty — sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady» atly kitabyň tanyşdyrylyşy boldy

Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde hem-de köp sanly edara-kärhanalarynda «Arkadag taglymaty — sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady» atly kitabyň tanyşdyrylyşy geçirildi.

Dabaraly çäreler Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem geçirildi. dabara ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, täze neşiriň maksady Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeler sportuny ösdürmeklige gönükdirilen özgertmeler syýasatyny durmuşa geçirmegiň netijelerini we özenini açyp görkezmekden ybaratdyr.

Çykyş edenler ýurdumyzda üstünliklere beslenip geçirilen «Aşgabat 2017» oýunlarynyň sport çygryndan has giň gerime eýe bolup, bu iri möçberli çäräniň döwletimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda giň ähmiýete eýe bolýandygyny bellediler.

Bellenilişi ýaly, «Arkadag taglymaty — sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady» atly kitap diňe bir «Aşgabat 2017» oýunlary giren taryha bagyşlanman, eýsem, aýdyň geljege hem gönükdirilendir. Onda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda döwlet Baştutanynyň oňyn başlangyçlary öz beýanyny tapýar.

Şunuň bilen baglylykda, dabara gatnaşyjylar «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine aýratyn ähmiýet berdiler. Bilşimiz ýaly, bu ýaryş gadymy söwda ýolunyň üsti bilen geçiriler.

Çykyş edenler Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen täze kitabyň suratlar bilen bezelişine üns berdiler. Täze neşiriň sahypalarynda döwletimiziň milletiň saglygyny berkitmäge, köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiki ugrunyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly durmuşyň dürli taraplaryny beýan edýän köpsanly fotosuratlar jemlenipdir.

Dabaraly çäre mynasybetli Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň eýwanynda sergi guraldy. Ýokary okuw mekdebiniň döredijilik toparynyň çykyşlary çäräniň baýramçylyk ruhuny artdyrdy.

Meňzeş täzelikler

2014