TOPH — Türkmenistanyň energetiki strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim

TOPH taslamasy Türkmenistanyň energetiki strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm hem netijeli ädim bolup durýar. Trend habarlar agentliginiň bellemegine görä, bu barada «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» temasy boýunça «Tegelek stol» mejlisinde Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasynyň birinji sekretary, konsul Batyr Rejepow aýtdy.

Konsulyň belleýşi ýaly, energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylygyny üpjün etmek bilen, olaryň dünýä bazarlaryna iberilmeginiň diwersifikasiýalaşdyrylan ulgamyny döretmek Türkmenistanyň energetiki strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

«Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren netijeli başlangyçlary öňde goýlan maksatlaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilendir. Muňa BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Rezolýusiýalaryň kabul edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaş hökmünde çykyş etmek bilen Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen göni energiýa gepleşikleriniň geografiýasyny düýpli giňeltdi» diýip Rejepow aýtdy.

Ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi barada aýtmak bilen konsul şeýle hem Kerki – Ymamnazar – Akina we Serhetabat – Turgundy demir ýollarynyň gurulmagynyň we işe girizilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi. Bu taslamalar Owganystanyň ykdysady taýdan ösmegine we haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak arkaly Türkmenistan bilen bu ýurduň gatnaşyklarynyň berkemegine uly goşant goşdy.

«Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna göni çykalgany almak bilen Owganystan deňiz arkaly Azerbaýjana, Gruziýa, Türkiýä we Ýewropa ýurtlaryna çykmaga mümkinçilik alar» - diýip Rejepow belledi.

 

Meňzeş täzelikler

2014