TNGIZT-niň döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň eksportuny diwersifikasiýalaşdyrar

Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy haýalladylan kokslama we gudrony deasfaltlaşdyrma desgasyny döwrebaplaşdyrýar. Bu ýerde kärhanadaky önümçilik nebit önümleriniň agyr galyndylary gaýtadan işleniler, bu bolsa zawodda öndürilýän ýokary goşulan bahaly harytlaryň görnüşleriniň sanyny artdyrar, diýlip ORIENT habarlar agentliginiň habarynda bellenilýär.

Bu desganyň döwrebaplaşdyrylmagy — türkmen nebit önümleriniň önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça işleriň möhüm tapgyrydyr. Bu önümleriň öndürilmegi Türkmenistana täze bazarlary eýelemäge we eksporty artdyrmaga mümkinçilik berer.

Täze desgada öndürilmegi meýilleşdirilýän iňňepisint koks hem elektroharytlaryň dünýä bazarynda Türkmenistanyň ornuny artdyrar.

Bu nebit önümi grafitlenen elektrodlaryň önümçiligi üçin çig mal bolup hyzmat edýär. olar peçleri we elektrik plitalary taýýarlamakda, şeýle hem uly islegden peýdalanýan beýleki harytlary öndürmek üçin zerurdyr.

TNGIZT-de önümçiligiň möçberleriniň artmagy şeýle-de türkmen ýangyjynyň iberilýän ugurlaryny hem artdyrmaga mümkinçilik berer. Mysal üçin, täze desgada öndürmek mümkin bolan Ýewro – 5 kysmyna laýyk gelýän benzin Demirgazyk Amerikanyň we Ýewropanyň import ediji ýurtlarynyň ýokary ekologiýa talaplaryna jogap berýär.

Haýalladylan kokslama desgasy şeýle hem suwuklandyrylan gazyň, ýokary oktanly benziniň, ýokary hilli ýaglaryň we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan beýleki ýeňil nebit önümleriniň önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berer. Şol bir wagtda hem TNGIZT-de nebiti gaýtadan işlemekligiň çuňlugy 95 göterime çenli artar.

Ýokary goşulan bahalary bu önümleriň önümçiliginiň ýola goýulmagy türkmen harytlarynyň eksportuny diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam eder we dünýä çykarýan nebit önümleriniň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Meňzeş täzelikler

2014