TOPH gaz geçirijisi Owganystanda parahatçylykly wezipesini amala aşyryp başlady

Syýasatçylaryň ençemesi Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň Owganystanda parahatçylykly ýagdaýy ýola goýmakda möhüm ähmiýetini belläp geçipdiler. Emma TOPH taslamasynyň örän gysga wagtda owgan halkyna parahatçylykly täsirini ýetirip biljekdigi barada çaklap hem bilmeýärdiler.

Ýakynda, fewral aýynyň ahyrynda türkmen-owgan serhedinde TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Eýýäm mart aýynyň başynda bolsa TOLO news owgan neşiri 70 söweşijiden ybarat bolan «Talyplar» toparynyň otrýady turba geçirijiniň gurluşygynda iş orunlary berilse, owgan hökümeti bilen söweş hereketlerini bes etjekdikleri barada habary aýtdy.

Şeýlelikde, düýnki garşydaşlar ýerli ilaty iş we gaz bilen üpjün etjek energiýa geçelgesini goramaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu geçelge şeýle hem üstaşyr geçendigi üçin ýurda goşmaça girdeji hem getirer. Hyrat welaýatynyň häkimiýeti «talyplar» bilen degişli gepleşikleri geçirip, olaryň şertlerine razy boldular.

Hyratyň häkimi Mohammad Asif Rahimi bu toparyň ädimini oňlady we olaryň parahatçylykly prosese geçenlerinden soň ýerli häkimiýetiň olary iş bilen üpjün etmek boýunça mümkinçilikleri döretjekdigini aýtdy, diýip TOLO news aýdýar.

«Parahatçylyk gapysy  açyldy, parahatçylyk teklibi hökümete garşy hereket edýän ähli toparlara aýdyldy» diýip Rahiminiň aýdanlaryny neşir getirýär.

Bu ýeke-täk şular ýaly ýagdaý däldir. TOLO news-yň habar berşi ýaly, öňräk 10 adamdan ybarat söweşjeň topar hem ýaragly çaknyşyklary bes edip, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga meýillerini bildirdiler.

1840 kilometrden ybarat transmilli gaz geçiriji Owganystanyň territoriýasynyň üsti bilen Türkmenistandan Pakistana we Hindistana ýylda 33 mlrd kub metr gazyň iberilmegini üpjün eder. bilermenleriň hasaplamalaryna görä, TOPH gaz geçiriji üstaşyr geçirilmegi üçin Owganystana ýylda 1 milliard amerikan dollaryna çenli girdeji getirer we 12 müňe golaý iş orunlaryny döretmäge ýardam eder.

Şeýlelikde, resmi Aşgabat tarapyndan beýan edilen tassyklamanyň, ýagny diňe bir ykdysady wezipeleri çözmek bilen çäklenmän, elektrik geçiriji we optiki-süýümli ulgamyň gurluşygyna hem ýardam eden TOPH taslamasynyň Owganystanyň hem gülläp ösmegine ýardam etjekdigi, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltjekdigi, şeýle hem sebitde parahatçylygy berkitmäge ýardam etjekdigi barada aýdan tassyklamasy eýýäm iş ýüzünde amala aşyrylyp başlandy diýip ynam bilen aýtmak bolar.

Meňzeş täzelikler

2014