Kuweýtde we BAE-de söwda-ykdysady ýangyç-energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ugurlary maslahatlaşylar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kuweýt döwletine resmi sapary başlanýar. Sapar tamamlanandan soň, Döwlet Baştutanymyz resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine barar.

El-Kuweýtde we Abu-Dabide geçiriljek gepleşikleriň çäklerinde taraplar deňlik, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleriniň hem-de hoşniýetli erk-islegiň esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmagy göz öňünde tutýarlar.

Garaşylyşy ýaly, söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşylar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan, Kuweýt we BAE dünýäde uglewodorodlaryň uly gorlaryna eýe bolup durýarlar. Munuň özi energiýa serişdelerini işläp taýýarlamakda hem-de dünýä bazarlaryna ugratmakda jebisleşdiriji ýagdaý bolup durýar. Nebiti gaýtadan işlemek, gazhimiýa, elektroenergetika, himiýa senagaty, ulag we aragatnaşyk ýaly pudaklarda hem hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar.

    Şunuň bilen baglylykda, Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň maliýe we işewür toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistana yzygiderli saparlary geljegi uly türkmen bazarynda arap işewürleriniň ornuny giňeltmäge gyzyklanmanyň artýandygyny tassyklaýar. Bu ýerde daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin has oňaýly maýa goýum ýagdaýy döredildi.

Ýokary derejedäki duşuşyklaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamlaryň ençemesine gol çekmek meýilleşdirilýär, munuň özi türkmen-kuweýt we türkmen-Birleşen Arap Emirlikleri hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn berkitmegiň we ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup, däbe öwrülen gatnaşyklara täze anyk mazmun bermäge mümkinçilik döreder.

 

Meňzeş täzelikler

2014