Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň taslamasy maslahatlaşylýar

Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň taslamasynyň tehniki ugurlaryny ylalaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň üçünji mejlisi öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Mejlis Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy bilen bilelikde guraldy. Iki günlük forumyň dowamynda Russiýanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň wekilleri uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk üçin hukuk binýady taýýarlamagy dowam ederler.

Bellenilşine görä, geçen döwürde gazanylan ylalaşyklary amaly taýdan durmuşa geçirmek boýunça uly işler ýerine ýetirildi. Bäştaraplaýyn görnüşde gol çekilmegine meýilleşdirilýän täze hukuk namalaryň ençemesiniň ylalaşmak işi çaltlaşdyryldy. Olaryň hatarynda özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary berkitmäge we giňeltmäge gönükdirilen, uly mümkinçilikleri özünde jemleýän Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygy bellemek gerek.

Gepleşikleriň dowamynda bellenilişi ýaly, türkmen tarapynyň taýýarlan Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygyň taslamasy hazarýaka döwletleriniň arasynda özarabähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň hemişe hereket edýän, hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylyk wekilleri we işewürler toparlary üçin gepleşikler meýdançasyna öwrüljek Hazar Yksady Forumyny döretmek başlangyjyna aýratyn üns berildi.

Iki günlük mejlisiň barşynda Ylalaşygyň taslamasyna garamak, şeýle hem käbir düzgünleri boýunça pikirleri alyşmak we ylalaşyklary gazanmak meýilleşdirilýär.

Ara alnyp maslahatlaşylýan resminamalaryň taslamasy hormatly Prezidentimiziň 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň IV sammitinde öňe süren başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanyldy. Şonda milli Liderimiz sebitiň ýurtlarynyň sazlaşykly hereketi üçin hökümetara gatnaşyklarynyň döwrebap hukuk esasyny döretmegiň zerurdygyny belledi.

Bu gezekki duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Hazar sebiti dünýä ykdysadyýetini umumylaşdyrmagyň çäklerinde Ýewraziýa giňişliginde iň möhüm geosyýasy, söwda-ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk merkezi hökmünde esasy orny eýeleýär. Bu ýerde ylalaşykly, anyk hukuk kadalaryna we Hazarýaka ýurtlarynyň bähbitleriniň özara hasaba alynmagyna esaslanýan halkara hyzmatdaşlygy has-da wajyp bolup durýar.

Bu sebitiň döwletleriniň tebigy-serişde, energetika, senagat, ulag-üstaşyr kuwwatyny nazara alanyňda, ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek we hil taýdan täze derejä çykarmak üçin mümkinçilikleriň bardygy äşgär duýulýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014