Türkmenistanyň Prezidenti bilen Kuweýt Döwletiniň Emiriniň arasyndaky duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi

Ýokary derejede geçirilen türkmen-kuweýt gepleşikleri ikitaraplaýyn, şeýle hem BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny açýar, diýip şu gün El-Kuweýtde geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah bellediler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi belleýär.

Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky meselä degip geçip, munuň diňe bir milli we ikitaraplaýyn bähbitler däl-de, eýsem, dünýä hem-de sebit ykdysadyýeti üçin hem uly ähmiýete eýe bolan ösüşlere ýetirmegiň uly mümkinçilikleriniň bar.

Nebit-himiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, nebiti gaýtadan işleýän kärhanalary gurmakda özara tejribe alyşmak möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky çäreleri anyklaşdyryp, taraplar şeýle hem energetika pudagy boýunça bilelikdäki Türkmen-Kuweýt iş toparyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

Türkmenistanyň we Kuweýtiň öz sebitlerinde geografik taýdan örän amatly ýerleşýändikleri babatda ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösmegi üçin zerur şertleriň döreýändigi, şonuň üçin hem bu ulgamy ösdürmekde mümkinçilikleri birleşdirmegiň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýene-de bir esasy ugurlarynyň biri bolup biljekdigi bellenildi.

Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn söwdany ösdürmek bilen bir wagtda telekeçilik ugry boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak, netijeli pudaklarda özara maýa goýuma esaslanýan bilelikdäki kärhanalary döretmek meselelerine hem üns çekildi.

Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum, ulag we aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma senagaty we oba hojalygy, saglygy goraýyş hem-de ýokary tehnologiýalar biziň döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzak möhlete niýetlenen ugurlarydyr, diýip agentlik belleýär.

Telekeçilik aragatnaşyklary boýunça bilelikdäki işçi topary döretmek, şeýle hem ýakyn wagtda ikitaraplaýyn söwda we maýa goýum boýunça işewürlik maslahatyny we sergisini geçirmek teklip edildi. Türkmenistanyň we Kuweýtiň ikitaraplaýyn we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen esasy çäreleriň biri hökmünde hökümetara toparyň döredilmeginiň hem-de işe başlamagynyň zerurdygy baradaky pikiri aýdyldy.

Taraplar şeýle hem ylym, bilim, sungat ýaly ugurlarda hem hyzmatdaşlygy ýola goýmagy ylalaşdylar.

 

Meňzeş täzelikler

2014