Gazdan benzin öndürmek boýunça Owadandepedäki GHT 2018-nji ýylyň dekabrynda işe giriziler

Tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça Owgadandepede gurulýan iri gazhimiýa toplumynda kömekçi enjamlarda sazlaýyş işleri başlandy. Häzirki wagtda suw arassalaýjy ulgamlaryň, barlag-ölçeg enjamlary üçin dykyzlanan howany işläp taýýarlaýan enjamlarda synag işleri geçirilýär.

GHT-nyň gurluşygy «Türkmengaz» DK-nyň hem-de «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Tiçaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) kompaniýalarynyň Konsorsiumynyň gol çeken şertnamasyna laýyklykda alnyp barylýar.

Ýokary hilli benzin öndürmek boýunça täze zawod ýurduň ykdysadyýetiniň ösmegine düýpli goşant goşar. «Haldor Topsoe» daniýa kompaniýasynyň dünýä meşhur iň täze tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada her ýylda 1 milliard 785 million kub metr gaz gaýtadan işleniler. Euro-5 standarty boýunça ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän RON-92 görnüşli benziniň ýylda 600 müň tonnasy öndüriler. Şeýle hem toplumda ýylda 12 müň tonna dizel ýangyjyny we 115 müň tonna suwuklandyrylan gazy öndürmek göz öňünde tutulýar.

GHT-nyň işe girizilmegi bilen 700-den gowrak adam iş bilen üpjün ediler. Gurluşyk işleri awgustda tamamlanar. Kärhanany 2018-nji ýylyň dekabrynda ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär.

2018-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Owadandepede gurulýan zawoda baryp gördi we kärhananyň tehnologik häsiýetnamasy bilen tanşyp, onuň ykdysadyýetini gowulandyrmak boýunça teklipler girizdi. Gazy gaýtadan işlemekligiň tehnologik aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, döwlet Baştutany toplumyň ikinji nobatdakysynyň taslamasyny işläp taýýarlamakda A-95 kysymly benzini öndürmek mümkinçiligini göz öňünde tutmagy tabşyrdy.

Prezident şeýle hem taýýar önümi sarp edijilere ibermegiň ulgamyna hem düzedişler girizdi. Taslama laýyklykda, ony ibermek üçin zawoda demir ýol we awtomobil ýoluny çekmek göz öňünde tutuldy. Şu nukdaýnazardan, Prezident demir ýol magistralynyň gurluşygyny tizleşdirmegi tabşyrdy. şunuň bilen birlikde, nebit önümlerini demir ýol arkaly, soňra bolsa deňzi ýoly arkaly Hazar deňzinden ibermek taýýar önümi sarp edijilere ýetirmegiň ykdysady taýdan iň amatly usulydygyny belledi.

Häzirki wagtda ýurtda benzin Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda  we Seýdiniň NGIZ-de öndürilýär. Öndürilýän möçberler içerki bazarlary doly üpjün edýär. uly bolmadyk möçberler eksport edilýär.

2017-nji ýylyň maýynda Seýdiniň NGIZ-de LCH-35-11/1000 katalitik riforming desgasy işe girizildi. Ol her ýylda A-98 kysymly ýokary oktanly benziniň 412 müň tonna komponentini, azyk senagatynda ulanylýan 25 müň tonna ekstrirlenen benzini, 15 müň tonna suwuklandyrylan gazy, peçlerde ulanylýan gazyň 23,5 müň tonnasyny, şeýle hem wodorod garyndyly 17 müň tonna gazy öndürmeklige niýetlenendir.

A-98 kysymly ýokary oktanly benziniň komponentlerini öndürýän desganyň önümleri Ýewro-5 kysymlaryna laýyk gelýän A-95, A-92 we A-80 kysymly benzini öndürmekde esasy önüm bolar.

2017-nji ýylda Türkmenistanyň nebitgaz toplumy benzin öndürmek boýunça meýilnamasyny 1,4 göterim, dizel ýangyjy boýunça 0,3 göterim artyk ýerine ýetirdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014