Dünýäniň nebit ätiýaçlyklarynyň artykmaçlyklary iki-üç aýdan ýok bolup biler — HEA

Dünýäniň nebit ätiýaçlyklarynyň artykmaçlyklary iki-üç aýdan ýok bolup biler. Bu hili pikiri Halkara energetika agentliginiň (HEA) nebit pudagy we bazarlary bölüminiň ýolbaşçysy Nil Atkinson beýan etdi.

«Wagtyň geçmegi bilen nebit ätiýaçlyklary azalyp başlady. Bäş ýyllyk ortaça görkezijiniň görüp boljak derejededigi aýdyň belli» diýip ol aýtdy.

«Nebit ätiýaçlyklary bäşýyllyk ortaça derejesine ýetmegi üçin bu hadysa ýene-de iki-üç aý ýa-da şoňa golaý dowam eder» diýip onuň aýdanlaryny Finmarket getirýär.

Şol bir wagtda hem ol ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky garşylygyň söwda gapma-garşylygyna ýokarlanan ýagdaýynda bu hadysanyň dünýäde nebite bolan islegi haýallatjakdygyny belledi.

OPEC hasabatynda belleýşi ýaly, ýanwarda YHÖG ýurtlarynda nebit ätiýaçlyklary geçen aý bilen deňeşdirilende 13,7 mln barrel artyp – 2,865 mlrd barrele deň boldy. Bu görkeziji bäşýyllyk ortaça görkezijiden 50 mln barrel köpdür. Şol bir wagtda nebit ätiýaçlyklary 74 mln barrel artykmaçlyk, nebit önümleri bolsa möwsümleýin normadan 24 mln barrel ýetmezçilik görkezdi.

Meňzeş täzelikler

2014