Özbegistan Türkmenistan bilen haryt dolanyşygyny 500 mln dollara ýetirmegi meýilleşdirýär

Özbegistanda ýakynda ýurduň Prezidenti tarapyndan tassyklanan «Ýakyn geljek üçin esasy daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen daşary syýasy we daşary ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny» köpçülige ýetirdi, diýip Media-Turkmen ORIENT habarlar agentligi belleýär.

Bu özboluşly Ýol kartasyna laýyklykda, daşary işjeňliginde Daşkent öz ýakyn goňşularyny — Merkezi Aziýa ýurtlaryny, şol sanda iň uzyn serhedi bolan Türkmenistany goýýar. Resminama laýyklykda, Özbegistan Türkmenistan bilen haryt dolanyşygyny 500 mln dollara ýetirmegi meýilleşdirýär.

Meýilnamalaşdyrylan san häzirki görkezijilerden birnäçe esse köpdür. Bu maksada bilelikdäki forumlary we geňeşleri geçirmegiň hasabyna serhetara gatnaşyklary giňletmegiň hasabyna ýetmek meýilleşdirilýär. Maliýe-maýa goýum aragatnaşyklarynyň we senagat hyzmatdaşlygynyň berkidilmegi haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagyna ýardam eder.

Ulag-aragatnaşyk ulgamynda Özbegistan öz harytlarynyň Türkmenistandaky Hazardaky iň iri logistika merkezi bolan Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň üsti bilen Ýewropa we Türkiýä çykarmagy meýilleşdirýär. Bu ýerde gürrüň Daşkent – Türkmenbaşy – Baku – Tbilisi – Kars multimodal ugur boýunça üstaşyr ýük geçirmelerini gurnamak barada barýar.

Şeýle hem Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman halkara ulag geçelgesiniň taslamasyna özbek tarapynyň işjeň gatnaşmagy boýunça işleri işjeňleşdirmek hem göz öňünde tutulýar. Hususan-da, Daşkent Tähran, Kalkutta we Bangalor şäherleri bilen göni howa aragatnaşygyny ýola goýar. 2018-nji ýylyň fewralynda Hindistan Merkezi Aziýa – Ýakyn Gündogar geçelgesini döretmekde Aşgabat ylalaşygyna resmi gatnaşyjy boldy.

Ýakyn geljek üçin gün tertibiniň Merkezi Aziýa döwletleri bilen syýasy gatnaşyklarynyň ileri tutulýan wezipeleri hökmünde döwlet serhetleriniň delimitasiýa we demarkasiýa proseslerini tamamlamak, suw ulanyş meselelerini tiz wagtda kadalaşdyrmak, kanun çykaryjy edaralaryň jemgyýetçilik guramalary we halk bilen aragatnaşygyny berkitmek durýar.

Häzirki wagtda Aşgabat we Daşkent özbek paýtagtynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary derejedäki duşuşyga taýýarlyk görýärler.

Meňzeş täzelikler

2014