Sişenbe güni gymmatlamadan soňra, nebitiň bahalary aşaklaýar

2018-nji ýylyň 11-nji aprelde Moskwa wagty bilen 7:52-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,4 göterim aşaklap, 70,74 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,2 göterim arzanlap, 65,35 amerikan dollaryna barabar boldy.

10-njy aprelde Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 3,5 göterim gymmatlap, 71,04 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 3,3 göterim ýokarlanyp, 65,61 amerikan dollaryna barabar boldy.

Meňzeş täzelikler

2014