Türkmenistanyň Prezidenti üç sany wise-premýeri çalyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň üç sany orunbasaryny eýeleýän wezipesinden boşadyp, olaryň ornuna başgalaryny belledi. Bu çözgütleri döwlet Baştutany ykdysadyýetiň pudaklarynda 2018-nji ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisde kabul etdi.

Prezidentiň Kararyna laýyklykda, Maksat Babaýew, Baýram Annameredow we Orazmyrat Gurbannazarow başga işle geçmekleri sebäpli eýeleýän wezipelerinden boşadyldy.

Hususan-da, nebitgaz toplumyna ýolbaşçylyk eden Maksat Babaýew we ulag we aragatnaşyk toplumyna ýolbaşçylyk eden Baýram Annameredow wise-premýer wezipesinden TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen bagly işe geçýänligi sebäpli boşadyldy.

Söwda we telekeçilik ulgamyna ýolbaşçylyk eden Orazmyrat Gurbannazarow wise-premýer wezipesinden Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna ýolbaşçy hökmünde saýlanylmagy bilen bagly boşadyldy.

Döwlet Baştutanynyň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda meseleleri boýunça orunbasary wezipesine Ç.Gylyjowy bellenilip, ol Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagynyň meseleleri boýunça orunbasary wezipesine M.Meredowy bellenilip, ol Ministrler Kabinetiniň bölüm müdiri wezipesinden boşadyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulaglar we aragatnaşyk meseleleri boýunça orunbasary wezipesine M.Çakyýewi bellenilip, ol Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory wezipesinden boşadyldy.

Meňzeş täzelikler

2014