2018-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüşi 6,2 göterime deň boldy

2018-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüşi 6,2 göterime deň boldy. Bu barada ykdysadyýetimiziň pudaklarynda 2018-nji ýylyň üç aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine degişli geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hasabat berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow 2018-nji ýylyň birinji çärýeginiň makroykdysady görkezijileri barada hasabat bermek bilen, ähli ulgamlarda ýokary netijeleriň gazanylandygyny habar berdi.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim boldy. Şol sanda senagat toplumynda 4,6 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda 10,5 göterim, söwdada 7,6 göterim, oba hojalygynda 3,2 göterim, hyzmatlar ulgamynda 10,1 göterim artdy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, jemi öndürilen önüm 4,1 göterim ýokarlandy.

Üç aýyň jemi boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 18,2 göterim artdy. Sarp ediş harytlarynyň bahasy hem-de ilata edilýän hyzmatlaryň jemleýji görkezijisi durnukly saklandy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haklarynyň möçberi 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 9,3 göterim artdy.

Birinji çärýekde önümleriň eksport edilişiniň möçberi geçen ýyldaka garanyňda, 14,2 göterim ýokarlandy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, geljekde öňde durýan işleriň esasy ugurlaryna olaryň ünsüni çekdi. Milli ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini goldamak, döwrüň talaplaryna laýyklykda halk hojalyk toplumynyň ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem çykdajylary azaltmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda agzaldy.

Döwlet Baştutany sözüni dowam edip, häzirki şertlerde maliýe ulgamyny durnukly ösdürmek, maýa goýum işini işjeňleşdirmek maksady bilen, ähli zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy. Prezident şeýle hem milli pul birliginiň gymmatyny we satyn alyjylyk ukybyny ýokarlandyrmak, eksportyň we altyn pul gorunyň möçberini artdyrmak boýunça işleriň alnyp barylmalydygyny belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Meňzeş täzelikler

2014