Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini kesgitledi

Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynda çözmeli örän köp meseleleriň toplanandygyny, şolaryň soňa goýulman, örän çalt çözülmelidigini belledi. Bu barada döwlet Baştutany ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde degip geçdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ugry boýunça halkara gaz geçirijini, elektrik we aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak boýunça uly işlere başlanandygyny belledi.

Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, munuň üçin «Galkynyş» gaz käninden Owganystana çenli demir ýol gurmaly. Bu uly gaz känini özleşdirmegi dowam etmeli. Göz öňünde tutulan bu işleri guramak bolsa tejribeli we başarjaň ýolbaşçylary talap edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident M.Babaýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, ony Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak bilen bagly işe ibermek barada karara gelendigini habar berdi.

Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagynyň meseleleri boýunça orunbasary wezipesine M.Meredowy belläp, ony Ministrler Kabinetiniň bölüm müdiri wezipesinden boşatdy. Türkmen Lideri wise-premýere ýurdumyzda nebitiň çykarylyşynyň hem-de gaýtadan işlenilişiniň möçberlerini artdyrmak boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzda ammiak, karbamid we tehniki uglerod öndürmek üçin, tebigy gazy gaýtadan işleýän senagaty işjeň ösdürmeli. Dünýä bazarynda bildirilýän isleg yzygiderli artýan suwuklandyrylan gazyň çykarylýan möçberlerini hem artdyrmaly diýip, türkmen Lideri bu pudaklaryň ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, tebigy gazy turba geçiriji arkaly eksport etmegi çalşyrmagyň örän möhüm ugry bolup durýandygyny aýtdy.

Şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaryny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, täze zawodlaryň gurluşygyny çaltlandyrmak, täze açylan nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we ulanmaga bermek işlerini çaltlandyrmaly.

Prezident pudakdaky işleriň ýagdaýlaryny seljermegi we onuň netijeli işini ýola goýmak üçin degişli çäreleri görmegi tabşyryp, M.Meredowa täze işinde üstünlik arzuw etdi we degişli resminamalara gol çekdi.

Döwlet Baştutany mejlisiň dowamynda TOPH gaz geçirijisini gurmak boýunça işleri guramak üçin tejribeli ýolbaşçylaryň zerurdygyny nygtady. Biz Owganystana tarap uzaýan demir ýoluň durkuny täzelemeli. Şunuň bilen baglylykda, milli Lider B.Annameredowy ulaglar we aragatnaşyk meseleleri boýunça wise-premýer wezipesinden boşadyp, ony bu gaz geçirijini gurmak boýunça işlere ibermek barada karara gelendigini habar berdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014