Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňünde möhüm wezipeleri goýdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemlerine degişli birnäçe möhüm meselelere garady we ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, şu ýylyň birinji çärýeginde amala aşyrylan işleriň netijeleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini görkezýär. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejesinde durnukly saklanyp gelýär.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň netijesinde, biz eksport edilýän önümleriň möçberini 14,2 göterim artdyrdyk. Import edilýän harytlaryň möçberini bolsa 40 göterim diýen ýaly azaltdyk. Zähmet haklarynyň möçberi hem 9,3 göterim köpeldi diýip, Prezident sözüni dowam etdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 42 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 1600-den gowrak iri desganyň gurluşygy dowam edýär. Bu desgalaryň 99 göterime golaýynyň gurluşygyny öz kärhanalarymyz alyp barýar.

Birinji çärýekde biz gurlup, ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan ähli senagat we durmuş maksatly desgalary işe girizdik. Şolaryň hatarynda meýdany 150 müň inedördül metrden hem köp bolan ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga berdik. Ahal welaýatynda iri aýna kärhanasyny, Türkmenabat şäherinde halkara howa menzilini, Serhetabat — Turgundy demir ýoluny, dynç alyş we sagaldyş merkezlerini, çagalar baglaryny hem-de birnäçe beýleki durmuş maksatly desgalary işe girizdik – diýip döwlet Baştutany aýtdy.

Kabul eden meýilnamalarymyza laýyklykda, ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynda özgertmeler dowam edýär. Önümçilik pudaklary döwrebap ýagdaýa getirilýär. Bazar ykdysadyýetine geçilýär.

Nebitgaz känleri giň gerim bilen özleşdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi gurulýar we beýleki halkara taslamalary amala aşyrmak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem, karbamid we ammiak öndürýän iri senagat toplumlarynyň, polietilen we polipropilen çykarýan gazhimiýa toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny peýdalanmak bilen, möhüm ähmiýetli beýleki taslamalar hem amala aşyrylýar – diýip Prezident nygtady.

Biz hususy telekeçiligi ösdürmäge goldaw bermegi, ýurdumyzyň telekeçilerini ykdysadyýetimizde geçirilýän özgertmeleri amala aşyrmaga giňden çekmegi dowam edýäris diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şu işleriň netijesinde, birinji çärýekde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, täze hususy kärhanalaryň sany köpeldi. Umuman alnanda, jemi içerki önümiň düzüminde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudaklarynyň paýy artdy we häzirki döwürde ol 63,1 göterime barabardyr.

Umuman alnanda, kanagatlanarly diýip boljak görkezijilerimize garamazdan, dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýy çylşyrymly bolmagynda galýar. Şeýle şertlerde biziň köp we tutanýerli işlemegimiziň zerurdygyny men eýýäm aýtdym – diýip Prezidenti belledi.

Häzir esasy wezipe ykdysadyýetimiziň nebit pudagyndan beýleki pudaklaryny işjeň ösdürmegi dowam etdirmekden ybaratdyr. Munuň üçin ýurdumyza beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we özümizde öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalaryna goşmaça itergi bermeli. Dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanmaly diýip, Prezident nygtady.

Maý aýynyň başynda bolsa Hazar deňzinde iri deňiz porty işe giriziler. Portuň gurluşygynyň tamamlanmagy sebitde ýükleriň üstaşyr daşalmagyny we ýolagçylaryň gatnadylmagyny üpjün eder diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Şu ýyl Gyýanlyda we Ahal welaýatynda iri gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy tamamlanar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bu toplumlar örän gysga wagtda polietilen we polipropilen hem-de beýleki önümleri öndürmegi ýola goýmaga, eksportyň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Milli Liderimiz nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, häzirden bu işlere taýýarlyk görüp, sarp edijileri gözlemelidigini we olar bilen şertnamalary baglaşmalydygyny aýtdy.

Ähli ýolbaşçylar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary, hususan-da, daşary ýurt firmalary bilen bilelikde döretmegi dowam etmeli, eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmaly.

Ýurdumyzda ýerasty baýlyklar köp. Şol baýlyklary ýokary depginler bilen işläp geçmeli we senagat dolanyşygyna girizmeli. Bu işlere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini giňden çekmeli. Şeýle kärhanalar üçin belli bir derejede ýeňillikleri döretmeli.

Biz nebitgaz toplumyna we oba hojalygyna aýratyn üns bermelidiris. Bu pudaklaryň işini kadalaşdyrmak üçin, işiň täze görnüşlerini gözlemelidiris. Men oba hojalygyny ösdürmek meselesine ýaşulularyň we jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda Halk Maslahatynda seretsek, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Ylym-bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda bu ugurdaky iň gowy dünýä tejribesi esasynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaly. Ähli ugurlar we pudaklar üçin ýokary derejeli hünärmenleri hem-de ýaş alymlary taýýarlamagy dowam etmeli, diýip Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Meňzeş täzelikler

2014